Sepleriň elýeterliligi

Eýran Ýewropa Bileleşigine nebit-gaz satuwyny togtatdy


Ýekşenbe güni Eýran Ýewropa Bileleşigine nebit-gaz satuwyny resmi ýagdaýda togtatdy.

Bu barada ýekşenbe güni Eýranyň Nebit ministrliginiň metbugat sekretary Ali Reza Nikzad Rahbar “Mehr” habar agentligine beren interwýusynda mälim etdi.

Ol Ýewropa Bileleşiginiň Eýrana garşy “duşmançylykly kararlaryny” bes edýänçä, bu gadagançylygyň öz güýjünde galjakdygyny aýtdy.

Emma ekspertler Ýewropa Bileleşiginiň onsuzam Eýranyň nebitine we gazyna geçen ýyl köp derejede sanksiýa girizendigini belläp, Eýranyň häzirki çäresiniň Ýewropa ýurtlaryna çynlakaý bir täsir ýetirmejekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG