Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň Port Said şäherinde ölenleriň sany 31-e ýetdi


Müsüriň resmileri ýurduň Port Said şäherinde şenbe we ýekşenbe günleri polisiýa bilen protestçileriň arasyndaky çaknyşyklarda ölen adamlaryň sanynyň 31-e ýetendigini aýdýarlar. Olenlerden azyndan ikisiniň polisiýa işgärleridigi aýdylýar.

Bu bulagaýçylyklara şenbe güni Müsüriň sudunyň geçen ýylyň fewralynda şu Port Said şäherindäki stadionda 74 adamyň ölümine getiren hüjümlerde aýyplap, 21 adamy ölüm jezasyna höküm etmegi sebäp boldy.

Şenbe güni ölüm jezasy berlen 21 adamyň hemmesem Port Said şäheriniň “al-Masri” futbol komandasynyň janköýerleri.

Geçen ýylyň 1-nji fewralynda Müsüriň Port Said şäheriniň stadionynda ýerli “al-Masri” futbol komandasy bilen Kairiň “al-Ahly” futbol komandasynyň ýaryşynyň yzýany futbol janköýerleriniň gurnan hüjümlerinde 74 adam ölüp, ýüzlerçe adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG