Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etdirmek


Täjik uniwersitetiniň diplomy
Täjik uniwersitetiniň diplomy
Ýakynda Azatlyk Radiosynyň türkmen gullugynyň redaksiýasyna bir hat gelip gowuşdy, onda özüni Talyp diýip tanadan bir okyjymyz Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etdirmek prosedurasy barada gürrüň berýär:

"Hormatly Azatlyk Radiosy, men Moskwanyň Dünýa Ekonomikasy we informirlendiriş institutyny okap gutaryp, diplomly ýurda dolandym. Ýöne indi şol instituty döwlete degişli däl diýip meniň diplomymy ýaramsyz diýip durlar. Ýogsam (diplomda) döwlet komissiýasy tarapyndan berlen diýen ýazgy bar. Arada aktiwist Natalýa Şabuns döwlete degişli däl okuw jaýlaryny Türkmenistanda ýaramly etjek bolup ýöris diýdi. Ýogsam, biziň institutymyz akreditasiýa edilen we döwlet tarapynda lisenziýa berilen. Biziň tabşyran ekzamenlerimiz hem döwlet ekzamenleridi. Şu zatlar barada informasiýa bermegiňizi haýyş edýärin".

Azatlyk Radiosy ýokarky beýan edilen zatlara resmi taýdan takyklaşdyrylan jogap tapyp bilmese-de, bu mesele boýunça diplom meselesinde belli bir tejribeleri başdan geçiren türkmenistanly talyplar bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Özüni Çary diýip tanadan türkmenistanly student häzirki wagtda Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okuwynyň iň soňky ýylyny tamamlaýar. Ol beýle diplomlaryň kabul edilmezligi ýa-da kabul edilmegi babatda studentleriň kynçylyk çekýänligi barada biziň bilen şeýle maglumatlary paýlaşdy:

“Bir-iki sany dostum bar, dolananynda olaryň diplomlary kabul edilmeýär diýip aýdypdyrlar işe girjek ýerlerinde. Dostlarymyň bir-ä daşary ýurtda okap döwlet işine ýerleşdi”.

Çary dostunyň işe ýerleşip bilmeginiň syry nämede diýen soraga "Bilemok, aslynda muny ondan sorapdymam" diýip jogap berdi.

Türkmenistanlylardan ýene bir student özüni Aýgül diýip tanyşdyrdy. Aýgül Gyrgyzystanda žurnalistika we köpçülikleýin kommunikasiýa ugrunda bilim alýar. Onuň gürrüň bermegine görä Türkmenistanda käbir daşary ýurtly diplomlaryň kabul edilmezliginiň sebäbi şeýle:

“Meniň bilişime görä beýle problemany Merkezi Aziýa ýurtlarynda esasanam ýalňyşmasam Gyrgyzystanda okan studentler başdan geçirýär. Diplomlary Türkmenistanda döwlet işlerine ýerleşmäge mümkinçilik bermeýän uniwersitetleriň sanawy hem bar, bu maglumaty Bilim ministliginde anyklap bolýar”.

Aýgül, şeýle kynçylyklaryň bardygyna garamazdan Türkmenistana dolanjakdygyny aýdyp ýene şeýle diýdi.

“Meniň diplomymy kabul ederler diýip umyt edýärin. Eger etmeser soň göreris, emma häzirlikçe Türkmenistanda döwlet edarasyna ýerleşmek niýetim ýok”

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň käbir uniwersitetleriniň diplomlarynyň makullanmaýandygynyň sebäbini Gyrgyzystanda okaýan türkmen ýaşlarynyň ýene biri bolan Ahmet şeýle çaklaýar:

"Meniň pikirimçe Türkmenistan daşary ýurtlara özüne gerek bolan spesialistleri taýýarlamak üçin özi daşary ýurtlara gerekli möçberde studentleri okuwa iberýär, özi pul töläp. Meniň ýaly öz başyna okuwa çykyp gaýdanlary näme etsin olar, şol sebäpdenem kabul etmeýärler diplomlary, işe ýerleşip bilmez ýaly. Maňa iş berilse onsoň olaryň okuwa iberenleri işsiz galar. Şonuň üçin okuwymy tamamlandan soň Türkmenistanda işlejek däl, bu ýerde eýýäm meniň ukyplarymy bilýärler we iş hödürleýärler. Türkmenistan barsam işsizlikden Türkiýä gitmeli bolaryn”.

Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň haýsylarynyň diplomlarynyň ykrar edilýänligi barada doly maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG