Sepleriň elýeterliligi

Eýran: ABŞ pastoryň 8 ýyl türmä basylandygyny tassyklaýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti eýran häkimiýetleriniň amerikan hristian pastoryny 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edenligini tassyk etdi.

Sözçi Darbi Holladeý Waşingtonyň Eýrany Seýid Abedininiň adam hukuklaryny hormatlamaga we ony türmeden boşatmaga çagyrandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, Abedini şu aýyň başlarynda hususy jaýda hristian ybadathanalaryny döredip, Eýranyň döwlet howpsuzlygyny gowşatmaga synanmakda aýyplanyp, sud edilipdir.

Asly eýranly, ýöne Birleşen Ştatlarda ýaşaýan pastor bu aýyplamany ret edýär.

Birleşen Ştatlardaky Kanun we adalat merkezi Abedininiň tussaglykda urlandygyny we gynalandygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG