Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Mali: Fransuz we mali goşunlary Timbuktuda yslamçylary yza kowýar


Fransuz we mali goşunlary Maliniň demirgazygynda yslamçy jeňçilere garşy hüjümi güýçlendirip, Timbuktuda öňe süýşýärler.

Bu hüjümiň jikme-jiklikleri mälim däl, ýöne resmiler goşunlaryň bu sebite baryp ýetendiklerini we Gao şäherinde hökümet kontrollugyny dikeldýändiklerini aýdýarlar.

Bu şäher BMG-niň Miras sanawyna girýär. Ýekşenbe güni şäher ilatynyň yslamçy jeňçileriň kowlup çykarylmagyny baýram edendigi aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, ilat yslamçylaryň şäherde girizmekçi bolan Şerigat kanunyna garşy bolupdyr.

Pitneçileri yza serpikdirmek üçin başlanan harby operasiýa, Maliniň yslamçy jeňçileriň täze bir bazasy bolmagynyň öňüni almak üçin, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi, ÝB döwletleri tarapyndan goldanyldy.
XS
SM
MD
LG