Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň DIM-i neşe gaçakçylygy barada aýdylýanlara delil gözleýär


Owganystanyň Daşary işler ministrligi Birleşen Ştatlaryň Kabuldaky ilçihanasynyň owgan Howa ýollarynda edilýär diýilýän neşe gaçakçylygy barada subutnama bermegini sorady.

Birleşen Ştatlaryň harby resmileri Owganystanyň iň uly howa liniýasynyň neşe gaçakçylygy bilen ilteşiklidigini öňe sürüpdiler.

Kam howa ýollarynyň başlygy Zamari Kamgar bu aýdylýanlary “esassyz” we “masgaralaýjy” diýip atlandyrdy we prezident Hamid Karzaýy owgan Howa ýollaryna bildirilýän aýyplama garşy göreşde kömege çagyrdy.

“The Wall Streýet Journal” Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň Kam howa ýollaryny, goňşy Täžigistana uly mukdarda tirýek eltenligi barada aýdylýanlar üçin, öz potensial kontraktorlarynyň arasyndan aýrandygyny ýazdy.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Halkara kömek güýçleriniň sözçüsi bu habary tassyklady, ýöne jikme-jiklikleri aýtmakdan ýüz öwürdi.

Dünýäde öndürilýän tirýegiň 90 prosent çemesi Owganystanda öndürilýär.
XS
SM
MD
LG