Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Howpsuzlyk güýçleri bäş gazete reýd geçirdi, žurnalistler tussag edilýär


Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň Tähranda bäş gazete geçirilen reýd mahalynda ondan gowrak žurnalisti tussag edendigi aýdylýar.

Eýranyň “Mehr” habar gullugy ol žurnalistleriň "rewolýusiýa garşy media" bilen bar diýilýän ilteşikleri üçin tussag edilendigini aýdýar.

Eýran häkimiýetleri “rewolýusiýa garşy media” diýen termini Farda radiosy, Azatlyk radiosynyň eýran gullugy, Amerikanyň sesi, BBS ýaly daşary ýurt habar serişdeleri babatda ulanýar.

Bu reýdler 2009-njy ýylda bolan dawaly prezident saýlawlaryndan soň garaşsyz mediany nyşana alnyp geçirilen iň uly operasiýa hökmünde suratlandyrylýar.

Nyşana alnan habar serişdeleriniň arasynda “Etemad,” “Arman,” “Şargh,” we “Bahar» gazetleri, şeýle-de “Aseman” žurnaly bar.
XS
SM
MD
LG