Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Merhum Magnitskiniň sud diňlenişigi soňa goýuldy


2009-njy ýylda rus resmilerini korrupsiýada aýyplandan soň türmede ölen aklawçy Sergeý Magnitskiniň işi boýunça Moskwada duşenbe güni geçirilmeli deslapky diňlenişik soňa goýuldy.

Prokurorlar geçen ýyl Magnitskiniň garşysyna salgytdan gaçmak bilen bagly täze aýyplama bildirdiler.

Şeýle-de, Magnitskiniň işlän edarasynyň, "Hermitage Capital” inwestisiýa fondunyň eýesi Williýam Browdere aýyp bildirilýär.

Browder häzir Orsýetde bolmansoň, onuň gaýybana sud edilmegine garaşylýar.

Magnitskiniň tarapdarlary oňa türmede degişli medisina kömeginiň edilmändigini we tussag wagty azar berlendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG