Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žirinowskiý 'keseki sözleri' ulanmazlyga çagyrýar


Milletçi LDPR partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskiý
Milletçi LDPR partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskiý
Wladimir Žirinowskiý ozal, içki geýimli, Dumada ýumrugyny çenäp, guş dümewiniň ýaýramagynyň öňüni almak üçin orslary guşlary atyp öldürmäge çagyrypdy.

Ýöne bu masgarabazyň gursagynda bir dilçiniň kalby bar.

Milletçi LDPR partiýasynyň başlygy indi bir täze kanunyň girizilmegine çagyrýar. Bu kanun boýunça ors dilinde bar bolan sözleriň deregine çet ýurt sözlerini ulanýan ýazyjylar, žurnalistler, alymlar jezalandyrylmaly.

Täsin, çakdanaşa dabaraly deputat sişenbe güni žurnalistleriň öňünde ors dilini "Keseki sözleriň hapa-hupasyndan" arassalamaly wagt gelip ýetdi, aýratyn-da "bizi gynaýan" amerikanizm diýdi.

Ors dilini arassa lingwistik derejä ýetirmek baradaky göreş "jinsi" geýnip, "biznesiň" gürrüňini edýän çet ýurtlular Orsýetiň deňiz kenarlarynda peýda bolaly bäri, kanun çykaryjylaryň ünsüni çekip gelýär.

'Keseki' sözler

Žirinowskiniň gara sanawyndaky sözler hem mese-mälim söwda häsiýetli sözler. Kommersant FM radiosyna beren interwýusynda Žirinowskiý özüniň "diler", "treýder", "menejer" ýaly sözleri çalyşmaga meýillidigini bildirdi.

Ol şeýle hem köp wagt bäri ors dilinde ulanylýan german dilinden alnan "parikmaher" sözüni-de nyşana aldy.

Žirinowskiý soňra gaharyny fransuzlara gönükdirdi. "Restoran, kafe, bar"… Ors dilinde "zakusoçnaýa" ýaly şeýle gowy alternatiwa barka, bu sözlere ýerli sözlükde orun ýok. "Zakusoçnaýa, bu bir gaty gowy söz. Barýarsyň-da, ýeňiljek nahar edinip gaýdýarsyň" diýip, Žirinowskiý aýtdy.

Uzak wagt bäri ulanylyp gelinýän "prezerwatiw" sözi-de goralyp saklanmaly däl. Žirinowskiý munuň ýerine köne "predohranitel" sözüni teklip edýär. "Hemmesiniň ýüzünde prezerwatiw sözi bar. Oglanlar munuň nämedigine-de düşünenoklar" diýip, Žirinowskiý zeýrendi.

"Biz hemişe radiodan, telewideniýeden çet ýurt sözlerini eşidýäris. Mysal üçin, 'diler' muňa ors dilinde 'posrednik' diýilýär. 'Butik', 'lawka', 'muton' orsçada 'owçina'. Şäheriň ähli ýerinde 'sale', 'sale', 'sale' diýip ýazylýar. Hemmesi – iňlisçe. 'Kondom' orsçada 'predohranitel' bolmaly. Ýok, indi 'prezerwatiw'. Bu bir fransuzça söz. Orsçada ol 'predohranitel' bolmaly" diýip, Žirinowskiý gaýtalaýar.

Žirinowskiý Türkiýäni öz dilini 60 ýyl mundan ozal arapçanyň, parsçanyň we fransuzçanyň täsirinden saplany üçin öwdi.

Wadim Dengin LDPR partiýasynyň Dumadaky deputatlarynyň biri. Ol şeýle hem Dumanyň maglumat syýasaty komissiýasynyň başlygynyň orunbasary. Denginiň aýtmagyna görä, bu çäreler ors medeniýetini gorap saklamak üçin teklip edilýär: "Biz öz ors dilimizi ösdürmeli. Biz ony ýeterlik öwrenmeýäris, onda ýeterlik gürlemeýäris. Wladimir Wolfowiçiň aýdyşy ýaly, indi original orsça sözler ýitip barýarka, biz köplenç idiomatik jümleleri, amerikanizmleri ulanýarys. Biz öz medeniýetimizi ýitirip barýarys. Bu teklipleriň populizm bilen hiç hili ilteşigi ýok. Bu gün bu bir fakt. Indi, gynansak-da, ony dikeltmek üçin çäre görmeli. Şeýdilse, biz öz dilimize guwanyp bileris".

Ýöne Žirinowskiý keseki sözleriň hemmesini süpürip taşlamakçy däl. Tükeniksiz baý ors diliniň alternatiwa hödürlemedik sözleri-de bar. Mysal üçin, rezin aýakgap galyp biler. "Biz ”galoş” sözi üýtgedilsin diýemzok" diýip, Žirinowskiý aýtdy.
XS
SM
MD
LG