Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň üç şäherinde adatdan daşary ýagdaý girizildi


Müsüriň prezidenti Muhammad Morsi
Müsüriň prezidenti Muhammad Morsi
Müsüriň prezidenti Muhammad Morsi soňky günlerde bolan gozgalaňlarda onlarça adamyň öldürilen we ýaralanan şäherlerinde 30 günlük adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Bu baradaky karar ýekşenbe güni giçlik yglan edildi. Şoňa görä, Port-Saýid, Ismailia we Suets şäherlerinde gijelerine komendant sagady giriziler. Şeýle-de Morsi duşenbeden başlap, soňky dörän krizisi çözmek üçin “syýasy wekiller” bilen dialoga başlamakçydygyny mälim etdi.

Soňky günlerde ýüze çykan tolgunşyklarda 50 töweregi adam öldi, olaryň aglabasy Ortaýer deňziniň ýakasyndaky Port-Saýid şäherindendir.

Tolgunyşyklarda azyndan ýedi adamyň atylyp öldürilendigi aýdylýar. Bu şäherde ýekşenbe güni dowam eden gozgalaňda bolsa 400-den gowrak adam ýaralanypdyr. Port-Saýid we Suets şäherlerinde goşun bölümleri ýerleşdirildi.

Ýekşenbe güni paýtagt Kairiň Tahrir meýdançasynda we ýurduň ikinji uly şäheri Aleksandriýada hem protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyklaryň ýüze çykandygy habar berildi.

Müsürde ganly çaknyşyklaryň soňky tapgyry geçen hepde döräpdi. Şonda 2011-nji ýylda prezident Hosni Mubaregiň häkimiýetden gitmegine getiren protestleriň ikinji ýyl dönümi bellenilipdi.

Prezident Muhammad Morsi adatdan daşary ýagdaýyň “kanun bozujylara” garşy girizilýändigini aýtdy: “Gandöküşikligi togtatmak, kanun bozujylaryň herketlerine garşy howpsuzlygy sazlamak, şeýle-de raýatlary goramak üçin, men ýurduň konstitusiýasyna salgylanyp Said, Suets we Ismailia şäherlerinde 30 günlük adatdan daşary ýagdaýy girizmek kararyna geldim”.

Şeýle-de Morsi syýasy güýçler bilen dialogy gurmaga çagyrdy: “Dialogdan başga ýol ýokdur. Meniň öň hem nygtaýşym ýaly, biz diňe dialogyň üsti bilen öňe gidip bileris. Şunlukda men syýasy güýçleri dialoga çagyrýaryn”.

Morsiniň edarasy tarapyndan ýaýradylan beýanata görä, duşenbe güni prezident köşgünde başlanan maslahata Milli halas ediş frontunyň liderleri hem gatnaşýarlar. Bu ýurtdaky esasy oppozision koalisiýadyr.

Koalisiýanyň metbugat wekili Khaled Dawud tolgunşyklaryň döremegine Morsiniň alyp baran dawaly syýasatynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Demokratik reformalaryň tarapyny tutýan protestçiler geçen ýylyň dekabrynda geçirilen dawaly referendum esasynda ýurduň konstitusiýasyna girizilen köp sanly üýtgetmeleriň ýatyrylmagyny talap edýärler.
XS
SM
MD
LG