Sepleriň elýeterliligi

Merhum Magnitskiniň sud diňlenişigi yza tesdirildi


Sergeý Magnitskiniň jaýlanan ýeri, Preobraženskoýe gonamçylygy, Moskwa.

Sergeý Magnitskiniň jaýlanan ýeri, Preobraženskoýe gonamçylygy, Moskwa.

Merhum Sergeý Magnitskiniň işi boýunça sud diňlenişigi yza tesdirildi. Orsýetiň döwlet resmilerini korrupsiýada aýyplan aklawçy Sergeý Magnitskiý 2009-njy ýylda türme tussaglygynda aradan çykypdy.

Magnitskiniň maşgalasynyň aklawçysynyň Interfaksa aýtmagyna görä, maşgala 18-nji fewrala bellenen sud diňlenişigine barjak däl. Sud Magnitskini goramak üçin aklawçyny özüniň bellejekdigini yglan edipdi.

Geçen ýylda prokurorlar Sergeý Magnitskiniň salgytdan boýun gaçyrandygy barada täze aýyplamalary öňe sürüpdiler. Magnitskiniň işlän kompaniýasy bolan “Hermitage Kapital Inwestment” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Uilýam Browdere garşy hem aýyplamalar öňe sürüldi. Orsýetiň daşynda ýaşaýan Browderiň gaýybana sud ediljekdigi habar berildi.

Tussaglykda 37 ýaşynda ýogalan Sergeý Magnitskiniň tarapdarlary oňa türmede zerur medisina kömeginiň wagtynda berilmändigini we şol sebäpden heläk bolandygyny aýdýarlar.

Ölen adamyň sudy

Magnistkiniň kärdeşleriniň sözlerine görä, ol Içeri işler ministrliginiň we saglyk edarasynyň işgärleri tarapyndan hökümete 230 million dollar möçberde zyýan ýetirilendiginiň üstüni açandygyny aýdýarlar.

ABŞ-nyň Sirakýus şäherinde ýerleşýän kanunlar boýunça uniwersitetiniň professory Dewid Kreýniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Sergeý Magnitskiniň ölenden soň sud edilmegi taryhda seýrek duşýan waka. Ol Magnitskiniň sudunyň täze döwrüň taryhynda adamyň ölüminden soň sud edilmegi bilen bagly ilkinji waka boljakdygyny aýtdy.

Geçen hepdede Amnesty International guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň müdiri Jon Dalhuisen Magnitskiniň ölenden soň sud edilmegini zulumly tomaşa diýip atlandyrdy. Ynsan hukuklaryny goraýjy ölen adamyň sud edilmeginiň howply bir tejribe bolup biljegini bellemek bilen, bu iş arkaly häkimiýetleriň jenaýatçylyga baş goşan resmilerden jemgyýetçiligiň ünsüni sowmak isleýändigini aýtdy.

Magnitskiniň işi

Geçen ýylyň dekabr aýynda ABŞ-nyň Kongresi Magnitskiniň ölümine gatnaşygy bolan we adam hukuklarynyň depelenmeginde eli bolan beýleki resmilere garşy sanksiýalary girizdi.

Geçen şenbe güni Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew döwlet telewideniýesine beren interwýusynda Dawosdaky ykdysady forumyň dowamynda daşary ýurtlaryň biznes wekilleriniň Magnitskiniň işine hiç hili gyzyklanma bildirmändiklerini aýtdy. Medwedew bu meseläniň diňe syýasat bilen meşgullanýan resmileri gyzyklandyrýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG