Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdaky kadr agentlikleri


Kadrlar agentliginiň bildirişi.
Kadrlar agentliginiň bildirişi.
Paýtagt Aşgabadyň Parahat mikroraýonynyň “Santa-Barbara” diýip atlandyrylýan awtobus duralgasynyň maglumat tagtasynda bildiriş diýsen köp. Olardan birem kadrlar agentliginiň bildirişi. Şol bildiriş kagyzynyň aşagy, ýörite bölejiklere bölünip, kesilen.

Kagyzyň bu bölejiklerinde şol kadrlar agentliginiň habarlaşmak üçin telefon nomerleri ýazylypdyr, ýagny maglumatda hödürlenýän iş orunlary bilen gyzyklanýanlar şol bölejikleri kesip alýar hem agentlik bilen habarlaşyp, olaryň hödürleýän teklipleri, iş orunlary bilen tanyş bolýar.

Kadrlar agentliginiň bildirişi
Kadrlar agentliginiň bildirişi
Şeýle bildirişler soňky döwürlerde Aşgabatda has köp göze ilip başlady. Oňa diňe awtobus duralgalarynda däl, köpçüligiň ýygnanyşýan her bir ýerinde duş gelmek mümkin. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir türkmenistanlylaryň sözlerinden çen tutulsa, ol belli bir derejede öz täsirini hem ýetirýär.

Iş mümkinçilikleri

“Men kadrlarlar agentliginiň kömegi bilen hususy tipografiýada işe durdum. Aýlygym 700 manat. Indi men iki aýyň dowamynda aýlygymyň 25%-ini kadrlar agentligine bermeli” diýip, paýtagtyň ýaşaýjysy 28 ýaşly Serdar Azatlyk Radiosy bilen özara söhbetdeşlikde aýtdy.

Serdaryň ýüz tutan kadrlar agentliginden tapawutlylykda käbir beýleki kadrlar agentlikleri iş tapyp beren adamlarynyň ilkinji aýlyk zähmet haklarynyň 50%-ini öz hyzmatlary üçin alýarlar. Işgär gözläp ýüz tutan iş beriji guramalar üçin bolsa kadrlar agentlikleriniň hyzmatlary mugt.

Soňky bir-iki ýyl bäri şeýle agentlikleriň diňe sany köpelmän, olaryň işleriniň netijeliligi hem artýar. Kadrlar agentlikleriniň köpelmegine käbir synçylar ýurtda zähmet bazarynyň ”kölegeden çykmagyna” getirip biljek ýagdaý hökmünde garaýarlar.

Emma şeýle agentlikleriň hödürleýän iş mümkinçilikleri henizem gaty ýönekeý wezipeler bilen çäklenýär. Ýagny, olaryň hödürleýän iş orunlary dürli zawod-fabriklerdäki ýönekeý işçi orunlary, gurluşykda ýönekeý gurluşykçy bolup işlemek ýaly mümkinçilikleri öz içine alýar.

Bu ýagdaý bilen ýakyndan tanyş käbir synçylaryň aýtmaklaryna görä, ýokary aýlykly ýa-da köp möçberde bikanun, ýagny aýlykday daşary girdejileri getirýän iş orunlary bolsa entegem kadrlar agentlikleriniň hödürleýän iş orunlarynyň hataryna girmeýär.

Ýokary aýlykly ýa köp girdejili beýleki işlere ýerleşmek üçin bolsa, henizem köp halatlarda tanyş-biliş gözlemeli ýa uly möçberde para bermeli bolýandygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir türkmenistanlylar aýdýarlar.

Zähmet biržalary

Bu iki zähmet bazaryndan tapawutlylykda ýurtda ilatyň işsiz gatlagyny iş bilen üpjün etmek üçin döwlete degişli bolan zähmet biržalary hem hereket edýär. Resmi taýdan olar ”Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi” diýlip atlandyrylýar. Her bir häkimlikde şeýle döwlet zähmet biržasy bar.

Bu biržalaryň hyzmatlary mugt. Zähmet biržalaryndaky boş zähmet orunlarynyň arasynda dürli iş orunlary bar. Her bir adam şol biržalardaky iş orunlarynyň sanawyndan öz saýlan iş ornuny idäp, ony hödürleýän edara ýüz tutup bilýär.

Emma bu sanaw boýunça iş tapmak aňsat däl, muny zähmet biržasynyň bir işgäri hem tassyklaýar. Adynyň agzalmagyny islemedik şol döwlet işgäriniň aýtmagyna görä, kynçylygyň bir sebäbi, hödürlenýän iş orunlarynyň aýlygynyň pes bolmagy bolsa, beýlekisi – para-peşgeş.

“Biziň hödürleýän iş orunlarymyzdaky aýlyk haklary aňry gitse 600 manat. Dogry, az bolsa-da, 1000 manat ýa-da ondanam köp aýlykly iş orunlary-da bar. Emma şol iş orunlaryny hödürleýän edaralara biz adam ibersek-de, olaryň şol işgäri kabul etmeýän halatlary bolýar” diýip, paýtagtyň Azatlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň adynyň efirde tutulmagyny islemedik işgäri aýdýar.

Ýurtda işsizligiň derejesi barada Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan berlen haýsydyr bir resmi statistik maglumaty tapyp bolmady. Emma ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň 1994-nji ýylda çap edilen sanlara salgylanyp beren maglumatyna görä, Türkmenistanda işsiz diýlip atlandyrylýan gatlak jemi ilatyň 60%-ni emele getirýär.

Işläp ýör diýlip görkezilen gatlagyň hem 48%-iniň oba hojalyk bilen meşgullanýanlardygy, dürli edaradyr, kärhanalarda işleýänleriň sanynyň işli gatlagyň diňe 37%-i töweregini emele getirýändigi aýdylýar.

Ilaty iş bilen üpjün etmek üçin döredilen we sanlary gün saýyn artyp barýan hususy eýeçilikdäki kadrlar agentlikleriniň ýurtda işsizleriň sanyny azaltmakda näderejede ähmiýetli boljagy barada edil häzirki döwürde bir zat aýtmak kyn. Emma şol bildirişlerden peýdalanmaga synanyşjaklaryň welin, sanynyň az däldigini aýtsa bolar.
XS
SM
MD
LG