Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde nasyň gadagan edilmegi mümkin


Nas
Nas
Anna güni Moskwanyň Döwlet Dumasynyň deputatlary Orsýetde ýaşaýan merkezi aziýalylary temmäkiniň bir görnüşinden mahrum edip biljek ädimi ätdiler.

Orsýetiň çilime garşy täze kanun taslamasy nasa hem gadagançylyk girizip, häzirki wagtda şol taslama babatda sud diňlenişiginiň ikinji tapgyry geçirildi.

Göz öňünde tutulýan bu taslamanyň ykbaly henize çenli belli däl. Sebäbi onuň güýje girmegi üçin ençeme kanuny böwetler bar. Şeýle-de, onuň güýje girmegi üçin prezidentiň razylygy zerur.

Ýöne, muňa garamazdan, Orsýetde ýaşaýan merkezi aziýaly migrantlaryň agzalýan kanun taslamasynyň özlerine garşy gönükdirilendigine ynanmagy üçin sebäpler bar. Şol sebäplerden biri hem agzalýan kanun taslamasyna nas baradaky maddanyň anna güni iň soňky pursatda girizilmegidir.

"Nasdan goramaly"

Wladimir Žirinowskiniň ýolbaşçylygyndaky Orsýetiň ”Liberal-demokratik partiýasynyň” delegasiýasy, ors ýaşlaryny nasdan goramagyň wajypdygyny aýdyp, ony gadagan etmegi teklip etdi.

Agzalýan partiýanyň deputaty Dmitriý Nosow Orsýetde naskeşleriň 95%-niň çagalar hem-de ýetginjeklerdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, nasyň bahasy çilimiňkiden arzan bolany üçin, ony çagalar we ýetginjekler satyn alýarlar.

Häzirki wagtda nas atýanlaryň sany barada takyk maglumat ýok. Şeýle-de, Nosow çagalaryň Moskwanyň islendik köçe süpürijisinden nas satyn alyp bilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Bu merkezi aziýaly zähmet migrantlarynyň garşysyna gönükdirilen iň gizlin ýatlatmalaryň biri bolup, milletçiler partiýasy olary ýygy-ýgydan Orsýetiň sosial problemalarynyň sebäpkärleri diýip aýyplaýar.

Merkezi aziýaly migrantlar

Orsýetde nas atmaklyk köp wagtdan bäri ala-böle merkezi aziýaly migrantlar bilen baglanyşdyrylýar. Nas un görnüşli ýaşyl reňli garynjaly temmäki bolup, ol agzyňa atylyp, agzyňde saklanyp, soňra-da tüýkürilýär. Ol Merkezi Aziýada öndürilip, Orsýete möwsümleýin işçiler we miwe söwdagärleri tarapyndan getirilýär. Adatça, nas rugsatnamaly temmäki dükanlarynda satylman, bazarlarda satylýar.

Ençeme milletçi orslar merkezi aziýaly migrantlary orslaryň arasynda nas atmagy ýaýratmak ýaly jemgyýete zyýanly endikleri öwredijiler hökmünde häsiýetlendirýärler.

Nasyň gadagan ediljekdigi baradaky habarlar dowam edýärka, 25-nji ýanwarda Orsýetde ýaşaýan käbir merkezi aziýalylar çilime garşy kanun taslamasy sud diňlenişiginden geçen ýagdaýynda-da, öz endiklerini taşlamajakdyklaryny aýdýarlar.

Moskwada zähmet migranty bolup işleýän, özüni Alişer diýip tanadan özbegistanly Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Men nasymy gutarýança atjak. Bärde biziň köp ýurtdaşlarymyz bar. Men olardan islendik wagt nas barmy diýip sorasam, olar maňa biz ony seniň üçin taparys diýýärler. [Nasyň] bir kiçijik haltajygy 50 rubla durýar”.

Häzirki wagtda Orsýetde we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aglabasynda nasyň satuwy kanunalaýykdyr. Nas Merkezi Aziýada kiçi hususy biznesçiler tarapyndan öndürilýär. Nasyň garyndylarynyň düzümi kanunalaýyk bolsa-da, onuň saglyk problemalaryny artdyrýandygy alada döredýär.

Nasyň adaty resepti temmäkiniň külkesiniň garyndysyndan, sakyzdan, hekden, suwdan we ýagdan ybaratdyr. Şeýle-de, onuň düzümine himiki tagam berijiler we renklendirijiler goşulyp bilner. Nas köplenç aşaky we ýokarky dodagyň ýa-da diliň aşagyna atylýar we 10-15 minut agzyňda saklanýar.

Nas Merkezi Aziýada, ylaýta-da ýaşlaryň arasynda meşhurdyr. Sebäbi ol günebakaryň çigidi ýaly arzan bahadan satylýar. Içinde 30 granula, ýagny düwür bolan bir paket nasyň bahasy Merkezi Aziýada bäş-on sente barabar bolsa, Orsýetde ol üç amerikan dollaryna durýar.

Nas, asyrlaryň dowamynda atylýandygyna garamazdan, Merkezi Aziýada jedelli meseledir. Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň aglabasynda nasy gadagan etmek barada wagtal-wagtal mesele gozgalýar.

Ýöne häzirki wagtda muny olardan diňe biri ýola goýdy. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylda nasyň satuwyny, önümçiligini we ulanyşygyny gadagan edýän perman çykardy.
XS
SM
MD
LG