Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Howpsuzlyk ylalaşygy barada gepleşikler geçiriler


Şu hepde Birleşen Ştatlar Owganystanyň resmileri bilen ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşyklarynyň üçünji tapgyryny gepleşmek üçin duşuşmagy planlaşdyrýarlar.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nulandyň aýtmagyna görä, 2014-nji ýylyň ahyryna daşary ýurt güýçleri Owganystany terk edensoň, Birleşen Ştatlaryň goşunynyň ýurtda galmagy baradaky gepleşikleriň “kanuny esaslara” görä ylalaşylmagy maksat edinýär.

Nuland ylalaşygyň netijeli boljagynyň ähtimaldygyny belläp, gepleşikleriň “tutuş şu ýyl” dowam etjekdigini aýtdy.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda, 2014-nji ýyldan soň owgan goşunyny türgenleşdirmek we howpsuzlygyny üpjün etmäge kömek etmek üçin Owganystanda galjak Birleşen Ştatlaryň goşunyna, nähili derejedäki kazyýet eldegirilmesizligi berilmelidigi barada gürrüňler edilýär.

Bu mesele barada ýanwar aýynyň başynda, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen Waşingtonda duşuşanda maslahat edilipdi.
XS
SM
MD
LG