Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň Almaty regionynda ýer titreme boldy


Gazagystanyň Almaty şäheriniň töwereginde ençeme ýer titreme boldy. Ýurduň Bilim we ylym ministrliginiň berýän maglumatyna görä, 6.6 bal derejedäki bu ýer titreme duşenbe güni agşam Almatynyň günorta-gündogaryndan 225 kilometr uzaklykda ýerleşýän daglyk regionynda bolupdyr.

Onuň yzýany bilen hem birnäçe ýerasty sarsgynlar ýüze çykypdyr. Ýer titremede Almatydaky ýaşaýyş jaýlary sarsdy. Bu sebäpli köp adamlar howatyr edip, gijäni daşarda geçirdiler.

Ýer titremäniň netijesinde ýüze çykan weýrançylyklar we heläkçilikler barada häzirlikçe maglumat gowuşmady.
XS
SM
MD
LG