Sepleriň elýeterliligi

TI korrupsiýanyň goranyş pudagynda giň ýaýrandygyny aýdýar


"Transparensi International" guramasy hökümetleriň 70%-i goranyş pudagyndaky korrupsiýanyň garşysyna durmagyň hötdesinden gelip bilmeýär diýýär. Bu ýagdaý ullakan sowrujylyga hem-de howp-hatara giň mümkinçilik döredýär.

Halkara aýdyňlyk guramasy dünýädäki iň uly ýarag importçylarynyň üçden ikisiniň we iň uly ýarag eksportçylarynyň ýarysynyň gözegçiligiň gowşak edilýän ýerlerine degişlidigini aýdýar. Guramanyň hasaplamalaryna görä, bu pudakdaky global korrupsiýa ýylda azyndan 20 milliard dollara düşýär.

Sişenbe güni çap edilen hasabatda dünýäniň 82 ýurdunyň goranyş pudagyndaky korrupsiýa töwekgelligine syn salynýar. Bu ugurdaky töwekgelligiň iň ýokary ýurtlaryna Owganystan, Eýran, Yrak we Özbegistan girýär.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Germaniýa bilen Awstraliýa bu ugurda korrupsiýa garşy berk mehanizmleri bolan ýeke-täk ýurtlardyr.
XS
SM
MD
LG