Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan oppozisiýa wekilini yzyna dolajak bolýar


Täjik resmileri Dubaýda bir täjik oppozisionerini Duşenbä ekstradasiýa etmek barada gepleşik geçirýärler. Umarali Kuwatow 23-nji dekabrda, täjik häkimiýetleriniň talaby esasynda, Dubaýda tussag edildi.

Täjik häkimiýetleri ony 1.2 million dollarlyk kezzapçylykda aýyplaýarlar. Kuwatowyň kömekçisi Nikolaý Nikolaýew sişenbe güni Azatlyk Radiosyna täjik häkimiýetleriniň ony sudda bolmaly deslapky diňlenişiksiz ekstradasiýa etdirjek bolýandyklaryny aýtdy.

Nikolaýew şeýle sud diňlenişiginiň bolmagynyň ahmaldygyny, sebäbi Birleşen Arap Emirlikleriniň kanunçylygynyň aýyplanýany gynalyp ýa öldürilip biljek ýerine ekstradasiýa etmäge rugsat bermeýändigini aýtdy.

Tanymal biznesmen Kuwatow täjik prezidenti Emomali Rahmonyň maşgalasy bilen ýakyn gatnaşykda eken. Ýöne ol geçen tomus Moskwa gaýdyp, Rahmona garşy syýasy oppozisiýa toparyny döretdi.
XS
SM
MD
LG