Sepleriň elýeterliligi

"Mugallymlar gazetiniň" mazmuny üýtgärmi?


Turkmenistanyň "Mugallymlar gazeti".

Turkmenistanyň "Mugallymlar gazeti".

Türkmenistanda gazetlerden “Howandary – Türkmenisanyň prezidenti” diýen ýazgyny aýyrmak barada görkezme berildi. Emma gazetleriň mazmuny hem syýasylaşdy diýip, synçylar aýdýarlar. Şol syýasylaşan gazetleriň biri hem, howandary prezident bolmasa-da, “Mugallymlar gazeti” diýip, ozal bu gazetde işlän žurnalist A. Bugaýew aýdýar.

Ýurtda metbugaty dünýä standartlaryna golaýlaşdyrmak ugrunda edilýän tagalla “Mugallymlar gazeti” ýaly neşirleriň mazmunyny hem üýtgedermi?

Bu gazet sowet döwründe mugallymlaryň we beýleki magaryf işgärleriniň iň söýgüli neşirleriniň biridi. Onda metodiki gollanmalar, magaryfa degişli täzelikler bilen bir hatarda tankydy makalalar, ýerlerde ýaşaýan mugallymlaryň hatlary, bellikleri, makalalary hem çap edilerdi.

Emma soňky ýyllarda, hatda Aşgabatda häkimiýet çalşandan soň hem, Bäherdende ýaşaýan taryh mugallymy Sazak Durdymyradow ýaly aktiwistleriň aýtmagyna görä, bu gazet başgaça pikirleri çap etmek praktikasyny ulanmaýar.

Eýsem indi, ýurtda metbugat hakynda täze kanun kabul edilip, metbugat organlarynyň gönüden-göni prezidente baglanmagynyň soňlanmagy gazetleriň mazmunyny hem üýtgedermi?

Azatlyk Radiosy bu barada "Mugallymlar gazetiniň" öňki işgäri, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG