Sepleriň elýeterliligi

“Türkmen Inisiatiwasy” Berdimuhamedowa ýüzlenme çap etdi


“Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin

“Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin

Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” guramasy Türkmenistanyň prezidentiniň adyna ýüzlenme çap etdi. Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň hatynda ýurduň gurluşyk pudagynyň ýagdaýyna, geljekki planlaryna we ilatyň işsizligine üns berilýär. Beýannamada Türkmenistanda gurluşyga edilýän çykdajylarda aýratyn durlup geçilýär.

“Türkmen inisiatiwasynyň” prezident Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň jemleri boýunça eden çykyşyna salgylanyp ýaýradan maglumatyna görä, geçen ýylyň dowamynda ýurtda 397 sany gurluşyk obýektine döwlet gaznasyndan 5 milliard dollar möçberde pul sarp edilipdir, 2013-nji ýylda çykdajylar ýene 20% artdyrylyp, 435 obýekte 17 milliard dollar pul sarp ediler.

Azatlyk Radiosy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň türkmen prezidentiniň adyna çap eden bu ýüzlenmesi barada guramanyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid, guramaňyzyň türkmen prezidentiniň adyna çap eden ýüzlenmesiniň maksady näme?

Farid Tuhbatullin: Bu ýüzlenmäni guramamyzyň ýaşlary taýýarladylar. Olar türkmen propagandasynyň örän pes hillidigine ünsi çekmek islediler. Häzirki ýagdaýda türkmen hökümetiniň özüni alyp barşy onuň ilatyň hiç zada düşünmeýändigini çak edýändigini we adamlara gaty kembaha garaýandygyny aňladýar. Ýa-da türkmen hökümeti öz hereketleriniň halk üçin dogrudanam peýdalydygyna çyndan ynanýar.

Guramamyz türkmen hökümetiniň propagandasyna ýaňsylaýjy bir görnüşde jogap bermek isledi. Biz ýurtda, meselem, stadionyň gurulmagy bilen sportuň ösmejegini, keselhanany gurmak bilen saglygy saklaýyşyň özgermejegini nygtamak isledik.

Azatlyk Radiosy: Ýüzlenmäňiz gurluşyk we işsizlik barada. Näme üçin hut şu meselelere üns berildi?

Farid Tuhbatullin: Sebäbi bu göze dürtülip duran bir mesele. Türkmen häkimiýetleri ýurduň ähli üstünliklerini täze gurlan binalar bilen baglanyşdyrýarlar. 2012-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen hökümet maslahatynda gurluşyga degişli uly sanlar, şol sanda uly çykdajylar yglan edildi.

Türkmen hökümeti gurlan obýektleriň sanyny üstünlik hökmünde yglan etdi. Emma häkimiýetler gurulan binalaryň ulanylyşy barada hiç zat aýtmaýar. Mälim bolşuna görä, şol obýektleriň köpüsi soňra netijeli ulanylmaýar, ýüzlerçe million dollarlyk çykdajylary ödemeýär we bar bolan problemalary çözmeýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýüzlenmäňizde ýurtdaky iň agyr meseleleriň biri bolan işsizlige üns berilýär. Siz gurluşyk bilen işsizligiň arasynda nähili arabaglanyşygy görýärsiňiz?

Farid Tuhbatullin: Türkmenistanda ähli problemalaryň esasynda işsizlik ýatyr. Jenaýatçylygam, neşekeşligem beýleki negatiw proseslerem işe ukyply ilatyň aglaba köpçüliginiň işe ýerleşip bilmeýändiginden gelip çykýar.

Ilat eklenmek üçin dürli ýollar bilen gazanç etmeli bolýar. Köp adamlar gazanjyň gözleginde öýüni, ýurduny terk etmeli bolýarlar. Ýurtda batly depginde gurluşyk alnyp barylýarka, adamlar Türkiýä, Birleşen Arap Emirliklerine we Orsýete gidip işleýärler.

Şeýle ýagdaýda Türkmenistandaky gurluşyklar gymmatbahaly kaşaň binalara däl-de, ilatyň zerurlyklaryna gönükdirilen bolsa, ilatyň sosial şertleri-de gowulanardy, adamlar iri şäherlere, Aşgabada, ýa-da daşary ýurtlara gitmän, ýaşaýan ýerlerinde zähmet çekip bilerdiler.

Meselem, ýurtda sandan çykan we berilmän galýan infrastruktura obýektleri gaty köp, olary dikeltmek boýunça işler alnyp barylsa, iş güýji-de talap edilerdi, şeýdip iş orunlary-da döredilerdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda işsizlik meselesi boýunça resmi derejede edilýän işlere nähili baha berýärsiňiz?

Farid Tuhbatullin: Gynansak-da, meselä uns berilmeýär. Meselem, häkimiýetler tussaglykdan çykýanlary işe ýerleşdirmek meselesine üns berýär. Şeýle adamlary iş bilen üpjün etmegi prezindetiň özi ýerli häkimiýetlerden talap etdi.

Emma şeýle adamlaryň uly bölegi işe ýerleşip bilmeýär. Sebäbi ýerli häkimiýeleriň iş bilen üpjün etmek boýunça çäreleri şeýle adamlara takyr we suwsuz bir meýdanda mellek bermek ýaly hereketler bilen çäklenýär. Şonuň üçin mesele oňyn çözüljek bolsa, onda bu iş bilermenler bilen maslahat edilip, çynlakaý çemeleşilmegini talap edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG