Sepleriň elýeterliligi

Britanlaryň Yrakdaky kanunbozmalary baradaky aýyplamalar


Britaniýanyň Yrakdaky esgeri. 2007 ý.

Britaniýanyň Yrakdaky esgeri. 2007 ý.

2003-2008-nji ýyllar aralygynda britan esgerleri tarapyndan gynaldy diýilýän yraklylaryň aklawçylarynyň 190-a golaýy agzalýan mesele boýunça jemgyýetçilik derňewiniň geçirilmegine çagyrýar.

Sişenbe güni Britaniýanyň Ýokary suduna adam ýençmek, ukuda wagty azar bermek, jynsy zorluklara sezewar etmek we dini taýdan kemsitmek ýaly aýyplamalar boýunça jenaýat ençeme işleri hödürlendi. Bular gynaldy diýilýän yraklylaryň ýa-da olaryň maşgala agzalarynyň görkezmeleri esasynda düzülen aýyplamalardyr.

Ýokary sud gürrüňi gidýän adam gynamalarynyň aýratyn ýagdaýlarda ýüze çykandygy ýa-da bularyň ýörite görkezme esasynda dowamly alnyp barlandygy barada karar kabul etmeli.

Britaniýaly adam hukuklaryny goraýjy Fil Şiner ejir çekenler ýa-da olaryň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, bu ugurdan zerur maglumatlary toplady. Şiner gynamalaryň ýörite matlap bilen, dowamly amala aşyrylandygyny, bu ugurda hiç hili şübhesiniň ýokdugyny aýdýar.

Şiner: “Bu birki sany çüýrük alma hakdaky gürrüň däl. Britaniýada [ol esgerlere] adamlary nähili gynamalydygy öwredilipdir” diýýär.

Adamlaryň gynamalara sezewar edildi diýilýän ýagdaýlary aglaba olaryň deslapky tussaghanada saklanýan wagty ýüze çykypdyr. Munuň netijesinde käbir adamlar ölüpdir.

Şineriň aýtmagyna görä, haçanda “ýörite operasiýalar” geçirilende, britan esgerleri adamlaryň öýlerinde hem kanun bozmalara ýol beripdirler.

Goranmak ministrligi bu ýagdaýlar boýunça özüniň derňewe başlandygyny we jemgyýetçilik derňewiniň gereginiň ýokdugyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG