Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Atom agentligi Eýranda partlama bolandygyny ret edýär


Çarşenbe güni Halkara Atom agentligi Eýranyň ýadro nokatlaryndan birinde partlama bolandygy baradaky maglumaty tassyklamak üçin esasyň ýokdugyny aýtdy.

Bu wakanyň öňýany Ysraýylyň we käbir beýleki ýurtlaryň habar agentlikleri geçen hepde Eýranyň “Fordow” atly ýerasty uran baýlaşdyryjy merkezinde partlamanyň ýüze çykandygy barada maglumat ýaýratdylar.

Duşenbe güni Eýran muny “Günbataryň propogandasy” diýip atlandyryp, ret etdi. Halkara Atom agentliginiň metbugat sekretary Gill Tudor hem şeýle partlamanyň bolandygyny görkezýän nähilidir bir alamatyň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG