Sepleriň elýeterliligi

BMG Siriýa ýardamlaryň artdyrylmagyna çagyrýar


Çarşenbe güni Birleşen Milletler Guramasy Siriýa berilýän gumanitar ýardamlaryň has artdyrylmagyna çagyryş etdi.

Bu barada BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun Kuweýtde dünýäniň 60-a golaý ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara donor konferensiýasynda eden çykyşynda nygtady.

Şeýle hem, ol Siriýada söweş alyp barýan ähli taraplary söweşleri bes etmeklige çagyrdy.

BMG-niň resmileri dünýäiň donor ýurtlaryny bu ýurda 1.5 milliard dollarlyk donor ýardamyny bermeklige çagyrýar. Bu konferensiýada Kuweýt Siriýa 300 million dollar ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG