Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky krizis BMG-niň gün tertibinde


BMG-niň we “Arap döwletleriniň Ligasynyň” Siriýa boýunça wekili Lahdar Brahimi

BMG-niň we “Arap döwletleriniň Ligasynyň” Siriýa boýunça wekili Lahdar Brahimi

BMG Siriýanyň ilatyna ýardam bermek boýunça konferensiýa geçirdi. Çarşenbe güni Kuweýtde geçirilen bu konferensiýa Siriýada dowam edýän krizis sebäpli öz öýlerini terk eden 700 müňe golaý bosgun üçin bir milliard dollar çemesi pul tapmak maksadyna gönükdirildi.

BMG Siriýanyň 700 müňe golaý bosgunyna ýardam bermek üçin bir milliard dollary gözlemek maksady bilen çarşenbe güni Kuweýtde konferensiýa geçirdi.

Mundan bir gün ozal BMG-niň we “Arap döwletleriniň Ligasynyň” Siriýa boýunça wekili Lahdar Brahimi täze duýduryş bilen çykyş etdi. Brahimi BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde sişenbe güni eden bu çykyşynda, Siriýadaky zorlugyň öň gürlüp-eşidilmedik derejä ýetendigini aýdyp, hem hökümeti, hem-de gozgalaňçylary aýyplady.

Brahiminiň meselä garaýşy

Brahimi Siriýanyň dargap barýandygyny, muňa iki tarapyňam jogapkärdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Siriýadaky ýagdaý ýaramazlaşýar we bu ýagdaý “dünýä derejesinde örän ähmiýetli mesele” bolup durýar. Brahimi meseläniň gaýra goýulmazdan çözülmelidigini aýtdy.

Lahdar Brahiminiň sözlerine görä, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýanyň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny we territorial bütewligini ykrar edýändigini ýene tassyklamaly we bu ugurdan öz ýardamyny hödürlemeli, şeýle-de Siriýanyň her bir raýatynyň jynsyna ýa dinine garamazdan, onuň adam hukuklarynyň üpjün edilmegine kömek bermeli.

Analitikleriň sözlerine görä, Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa boýunça alyp barýan işine Orsýet hem Hytaý tarapyndan belli bir derejede päsgelçilik döredilýär. Bu ýurtlaryň ikisi-de Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assady goldaýarlar.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Siriýada 22 aý bäri dowam edýän harby konflikt zerarly 60 müňden gowrak adam heläk boldy.

Tagallalary dowam etdirmek

Lahdar Brahimi ýagdaýyň uly aladalanma döredýänligini belledi. Emma ol öz tagallalaryndan el çekmejegini aýtdy.

Brahimi häzirki wezipesini we alyp barýan işini ozalbaşdan saýlap almandygyny belledi we özüniň edýän häzirki işiniň gereksizdigini duýan badyna, wezipesinden çekiljegini aýtdy. Şol bir wagtda-da Lahdar Brahimi BMG-niň meseläni çözmäge synanyşmakdan başga çykalgasynyň ýokdugyny belläp, bu işiň dowam etdiriljegini habar berdi.

Brahiminiň çykyş eden güni, Siriýanyň Allepo şäherinde aktiwistler atylyp öldürilen azyndan 65 adamynyň eli daňylgy jesetleriniň tapylandygyny habar berdiler. Oppozision aktiwistler bu jenaýatda Siriýanyň hökümetini aýypladylar. Emma bu gyrgynçylyga hökümetiň jogapkärdigini tassyklaýan maglumatlary tapmak häzirlikçe başartmady.
XS
SM
MD
LG