Sepleriň elýeterliligi

Braziliýa: Santa Mariýadaky ýangynda ölenleriň sany 235-e ýetdi


Braziliýanyň Santa Mariýa şäherindäki gijeki klubdaky ýangynyň netijesinde ölenleriň sany 235-e ýetdi. Çarşenbe güni ýerli keselhanada bu ýangyndan alan ýarasyndan 21 ýaşly bir raýatyň ölendigi habar berildi.

Şu geçen ýekşenbe güni Braziliýanyň Santa Mariýa şäherindäki gijeki klublardan birinde ýüze çykan ýangynda ýaralanan adamlardan 100-den gowragy henizem keselhanada bejergi alýarlar.

Lukmanlar bu ýangyndan ölen we ejir çeken adamlaryň aglabasynyň himiki materiallaryň ýanmagynda dörän tüsseden zäherlenendigini aýdýarlar.

Bu ýangyn bilen baglanyşykly dört adamyň, şol sanda klubyň iki sany eýesiniň-de tussag edilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG