Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: “Pussy Riot” toparynyň wideolaryna gadagançylyk güýje girdi


Orsýetdäki “Pussy Riot” toparynyň internete ýerleşdiren dört sany wideo ýazgysyny ekstremistik wideo ýazgy diýip hasaplamak barada suduň çykaran hökümi çarşenbe gününden başlap güýje girdi.

Moskwanyň şäher sudy çarşenbe güni bu mesele barada “Pussy Riot” toparynyň aktiwistlerinden biri Ýekaterina Samusewiçiň eden şikaýatyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwrüp, suduň ozalky kararyny öz güýjünde galdyrdy.

Sud Ýekaterina Samusewiçiň ozalky sud prosesine gatnaşmandygyna salgylanmak bilen, onuň bu meselede suduň kararyna garşy şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugynyň ýokdugyny öňe sürdi.

Ekstremistik wideo ýazgylar hökmünde gadagan edilen bu wideo ýazgylaryň arasynda “Pussy Riot” toparynyň aktiwistleriniň Moskwanyň merkezi hristian ybadathanasynda tans edip, Putiniň syýasatyna garşy gurnan protest çäresiniň ýazgysy-da bar.

Bu wakada tussag edilen Mariýa Alýohina bilen Nadežda Tolokonnikowa häzirki wagt türmede iki ýyl tussaglykda otyrlar.
XS
SM
MD
LG