Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan media azatlygynda yzdan üçünji orunda


Türkmenistan media azatlygy boýunça hasabatda syn berlen 179 ýurduň arasynda 177-nji orunda goýlupdyr.

Türkmenistan media azatlygy boýunça hasabatda syn berlen 179 ýurduň arasynda 177-nji orunda goýlupdyr.

Çarşenbe güni Serhetsiz Reportýorlar Guramasy dünýäniň dürli ýurtlaryndaky metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada ýyllyk hasabatyny çap etdi.

Guramanyň resmileri bu ýylky hasabatyň hökümetleriň media azatlygy baradaky tendensiýasynyň düýpli bir üýtgemeýändigini görkezýändigini aýdýarlar.

Geçen ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem metbugat azatlygy boýunça iň öňdäki üçlüge Finlýandiýa, Gollandiýa we Norwegiýa girdi. Iň ýaramaz ýurtlaryň üçlügine bolsa, ýene-de Türkmenistan, Demirgazyk Koreýa we Eritreýa girizilipdir.

Türkmenistan hasabatda syn berlen 179 ýurduň arasynda 177-nji orunda goýlupdyr. Serhetsiz Reportýorlar Guramasynyň bu sanawynda Gürjüstan 100-nji orunda, Ukraina 126-njy, Belarus 157-nji, Özbegistan 164-nji orunda goýlupdyr.
XS
SM
MD
LG