Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa Ysraýylyň uçarlarynyň hüjüm geçirendiklerini aýdýar


Siriýanyň harby güýçleriniň resmileri Ysraýylyň uçarlarynyň Damaskyň etegindäki bir “ylmy-barlag merkezini” bombalandyklaryny habar berdiler.

Siriýanyň resmileri çarşenbe güni amala aşyrylan bu howa hüjümlerinde iki adamyň ölüp, bäş adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de, Siriýanyň Goranmak ministrligi Liwanyň “Hizbulla” topary üçin ýarag alyp barýan ýük maşynlaryň Liwanyň serhet ýakasynda Ysraýylyň uçarlary tarapyndan bombalanandygy barada peýda bolan maglumatlary ret etdi.

Siriýa bular ýaly ýük daşalyşygynyň asla bolmandygyny öňe sürýär. Ysraýylyň Goranmak ministrligi we “Hizbulla” toparynyň metbugat sekretary bu soňky maglumatlar barada kommentariýa bermekden saklanýarlar.
XS
SM
MD
LG