Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Gara bazarlarda özbek somynyň hümmeti pese gaçdy


Özbegistanyň gara bazarlarynda daşary ýurt walýutalarynyň söwdasyna girizilen gadagançylygyň yzy bilen, penşenbe güni özbek somynyň hümmeti ur-tut pese gaçdy.

Hepdäniň çarşenbe güni Özbegistanyň häkimiýetleri gara bazarlarda daşary ýurt walýutalarynyň söwdasyna gadagançylyk girizdi.

Penşenbe güni Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň ýerli habarçysy Daşkendiň gara bazarynda 1 dollaryň bahasynyň 3 müň özbek somyna ýetendigini habar berdi.

Mundan bir gün öň 1 dollaryň gara bazardaky hümmeti 2 müň 600 somdy. Özbegistanda dollaryň resmi kursy 1 müň 980 som diýlip kesgitlenen.

Çarşenbe güni Özbegistanyň Merkezi banky özbek somyny daşary ýurt walýutalaryna diňe raýatlaryň öz hususy töleg kartalary arkaly satyp biljekdikleri barada karar çykardy. Ýöne bu karar resmi guramalara we kompaniýalara degişli däl.
XS
SM
MD
LG