Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Halkara aeroportuň gurluşygynyň düýbi tutuldy


Çarşenbe güni Aşgabatda täze halkara aeroportunyň gurluşygynyň düýbüniň tutulyş dabarasy gurnaldy. Oňa käbir hökümet resmileri we gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň resmi mediasy umumy meýdany 1 müň 200 gektardan ybarat boljak bu täze aeroportuň her sagatda 1 müň 600 ýolagçyny geçirmäge ukyply häzirkizaman aerowokzaly boljakdygyny habar berýär.

Maglumata görä, bu halkara aeroporty üç sany aýry-aýry terminaldan ybarat bolar.

Bu aeroportuň ýanynda awiasiýa boýunça kadrlary taýýarlaýan ýörite mekdebiň gurluşygynyň-da göz öňünde tutulýandygy habar berilýär. Aşgabatdaky bu halkara aeroportuny 2016-njy ýylyň awgustynda ulanmaga tabşyrmaklyk planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG