Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: "Türkmenistan azatlyklary çäklendirýär"


"Human Rights Watch" guramasynyň emblemasy
"Human Rights Watch" guramasynyň emblemasy
Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy sişenbe güni çap eden täze hasabatynda dünýäniň 90-dan gowrak ýurdunda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn salyp, olaryň köpüsinde demokratiýanyň bir topar synag bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny duýdurýar.

Halkara hukuk toparynyň Ýakyn Gündogarda soňky bolan wakalara syn salyp aýtmagyna görä, bu sebitdäki täze hökümetleriň adam hukuklaryny hormatlamak islegi 'Arap bahary' gozgalaňlarynyň demokratiki ilerlemä ýa-da awtoritar dolandyryşyň täze bir görnüşlerine alyp geljegini kesgitleýän bir faktor bolar.

Onda beýleki ýurtlaryň iki ýagdaýda hem, ýagny öz durmuş praktikalary esasyndaky oňyn göreldeleri ýa-da şol täze hökümetler bilen gurýan gatnaşyklarynda adam hukuklaryny ileri tutmak bilen goldawçy bolup biljegi aýdylýar. Hasabatda “repressiýa göz ýummagyň syýasy taýdan amatly bolmagy ahmal, ýöne bu ummasyz uly zyýan ýetirýär” diýilýär.

Adam hukuklary guramasy Wladimir Putin prezidentlige dolanyp gelenden soň Orsýetde “raýat işjeňligine garşy görlüp-eşidilmedik basyşa başlady” diýýär.

"Human Rights Watch" guramasy Orsýet bölüminiň direktory Anna Sewortiýan Azatlyk radiosyna beren telefon interwýusynda Orsýetiň raýat jemgyýetini çäklendirmek üçin kanunlary ulanyşyny berk tankyt etdi:

Anna Sewortiýan
Anna Sewortiýan
"Biz bu ýyl öz ýakyn taryhymyzda Orsýet üçin adam hukuklary babatda iň ýaramaz ýyl boldy diýip hasaplaýarys. Bu bir topar regressiw häsiýetli kanun taslamasynyň öňe sürülmegi bilen bagly. Olar geçen ýylyň iýunyndan kabul edilip başlandy we bu ýagdaý häzirem dowam edýär. Bu taslamalar indi kanun boldy we Orsýetdäki hukuk we azatlyk ýagdaýyny görnetin üýtgedýär" diýip, Sewortiýan aýtdy.

Orsýetde iýun aýynda güýje giren bir kanun ygtyýar berilmedik jemgyýetçilik demonstrasiýasyna gatnaşan adamlara salnyp biljek jerimäniň möçberini mazaly köpeltdi.

Noýabr aýynda güýje giren bir kanun bolsa, daşary ýurt guramalary tarapyndan maliýeleşdirilýän hökümetden aýry guramalaryň, syýasy diýilýän işjeňlige gatnaşan ýagdaýynda, «daşary ýurt agentleri» hökmünde hasaba alynmagyny talap edýär.

Türkmenistan

"Human Rights Watch" guramasy Merkezi Aziýa hökümetlerini hem adam hukuklary meselesinde berk tankyt etdi.

Bu guramanyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Mihra Rittman Almatydan Azatlyk radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi:

“2012-nji ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynda söz we pikir azatlygynyň çäklendirilmegi, hökümet tankytçylarynyň ýanalmagy bilen alamatlandy.”

Şeýle-de Rittman Türkmenistandaky ýagdaýy tankyt etdi:"Türkmenistan dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu ýurt hakykatda garaşsyz derňewiň ýoluny ýapdy, media we din azatlygy aýylganç çäklendirmelere sezewar edilýär, adam hukuklaryny goraýjylar we beýleki aktiwistler yzygider ýagdaýda hökümet öçlüligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar".

Ol sözüni dowam edip: "BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň mart aýynda Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyna berk tankydy baha berendigine garamazdan, Türkmenistan özüniň elhenç hukuk ýagdaýyny gowulandyrmak babatda doly manyly ädimleri ätmegi başarmady" diýdi.

Adam hukuklaryny goraýan guramanyň 23-nji ýyllyk hasabaty 665 sahypadan ybarat bolup, onda dünýäniň adam hukuklary ýagdaýyna syn berilýär.
XS
SM
MD
LG