Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetiň özara ylalaşygy ýatyrmagyna gynanýandygyny aýdýar


Amerikanyň Birleşen Ştatlary Orsýet bilen kanun goramak we neşelere gözegçilik etmek meselesi boýunça bar bolan ylalaşygy Orsýetiň birtaraplaýyn ýagdaýda ýatyrmagyna özüniň gynanýandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland Orsýetiň bu ädimini “şowsuz ädim” diýip atlandyrdy.

Çarşenbe güni Orsýetiň hökümeti öz resmi websaýtynda 2002-nji ýylda baglaşylan bu özara ylalaşygy birtaraplaýyn ýagdaýda ýatyrýandygyny yglan etdi.

Ol munuň sebäbini bu Orsýet-Amerikan ylalaşygynyň “häzirki reallyklaryň talabyna laýyk gelmeýändigi we öz ähmiýetini ýitirendigi” bilen düşündiripdir.

Bu ylalaşyga laýyklykda, Birleşen Ştatlar Orsýetdäki neşe gaçakçylygyna, adam gaçakçylygyna we käbir beýleki jenaýatçylyklara garşy göreş üçin Orsýete belli bir maliýe ýardamlaryny berip gelýärdi.
XS
SM
MD
LG