Sepleriň elýeterliligi

HRW ynsan hukuklarynyň ýagdaýy barada hasabat ýaýratdy


Penşenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy dünýäniň 90-dan gowrak ýurdundaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýy barada hasabat ýaýratdy.

Bu gurama Ýakyn Gündogarda häkimiýet agdarylyşyklary amala aşyrylan ýurtlarda demokratik gymmatlyklaryň ornaşdyrylmak meselesiniň indi täze hökümetleriň erk-isleglerine bagly boljakdygyny belläpdir.

Orsýet babatda bu hasabatda Wladimir Putiniň häkimiýet başyna gaýtadan gelmegi bilen “graždan aktiwligine garşy görlüp-eşidilmedik berk çäreleriň” amala aşyrylandygy bellenilýär.

“Human Rights Watch” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Mihra Rittman: “Türkmenistan henizem dünýäniň iň bir repressiw ýurtlaryndan biri bolmagynda galýar. Bu ýurt sözüň göni manysynda islendik bir garaşsyz derňewler üçin ýapyk. Media we dini azatlyklar berk çäklendirmeleriň astynda galýar. Ynsan hukuklaryny goraýjylar we beýleki aktiwistler hökümet tarapyndan yzygiderli jezalandyrylmak howpy astynda iş alyp barýarlar” diýdi.

“Human Rights Watch” guramasynyň ynsan hukuklary baradaky bu hasabaty 665 sahypadan ybarat.
XS
SM
MD
LG