Sepleriň elýeterliligi

Eýranda ondan gowrak žurnalist tussag astyna alyndy


Tussag edilenler Eýrandaky reformaçy gazetlerde ýa-da ýarym resmi habar agentliklerinde işleýän žurnalistler.

Tussag edilenler Eýrandaky reformaçy gazetlerde ýa-da ýarym resmi habar agentliklerinde işleýän žurnalistler.

Eýranyň Aňtaw ministrligi ondan gowrak žurnalisti Günbatar bilen ilteşikli bikanun bir media ulgamyna agzalykda aýyplap, tussag etdi.

Aňtaw ministrligi bu bikanun ulgamyň Günbataryň käbir hökümetleri hem-de BBC habar korporasiýasy tarapyndan dolandyrylýandygyny öňe sürýär. Emma BBC Eýran tarapynyň bu bildiren aýyplamasyny “esassyz” diýip atlandyryp, ret etdi.

Soňky birnäçe günüň dowamynda tussag edilen ondan gowrak žurnalist Eýrandaky reformaçy gazetlerde ýa-da ýarym resmi habar agentliklerinde işleýän žurnalistler.

Käbir aktiwistler bu tussag edişlikleri şu ýylyň tomsunda Eýranda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryndan öň ýola goýlan repressiýa kampaniýasy hökmünde häsiýetlendirýärler.
XS
SM
MD
LG