Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sabanci uniwersiteti türkmenlere stipendiýa hödürleýär


Türkiýe
Türkiýe
Türkiýäniň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri Sabanci uniwersiteti häzirki döwürde tükmen studentlerine gönükdirilen stipendiýalar boýunça arzalary kabul edýär. Dokumentler fewral aýynyň birine çenli kabul ediler.

Bu stipendiýa jemgyýet ylymlarynyň ýagny ekonomika, taryh, medeniýet, ýewropa we Türkiýäni öwreniş, syýasat şeýle hem konflikt analizi we onuň çözgüdi ýaly ugurlaryň magistr derejesi üçin niýetlenen.

Bu stipendiýa ýüzlenmegiň tapgyrlary we tabşyrmaly dokumentleriň sanawyny bilmek üçin şu email adresine ýüzleniň studentinfo@sabanciuniv.edu

Türkmenistanly studentlere stipendiýa we maliýe ýeňilliklerini hödürleýän ýene bir daşary ýurt uniwersiteti Gyrgyzstanda ýerleşýän Amerikan uniwersitetidir.

Merkezi aziýanyň amerikan uniwersitetinde antropologiýa, sosiologiýa, biznesi dolandyryş, halkara syýasat, žurnalistika, informasion tehnologiýalary, Amerikany we Ýewropany öwreniş, psihologiýa we ekonomika ýaly ugurlarda boýunça bilim almak mümkin.

Bu uniwersitetiň giriş ekzamenleri martyň 2-de we apreliň 6-da geçiriler. Has dolurak maglumatlary almak üçin admissions@mail.auca.kg email adresi arkaly uniwersitetiň kabul ediş bölüminiň wekilleri bilen habarlaşyp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG