Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Döwlet sekretary wezipesinde işini jemleýär


Hillari Klinton, Waşington, 1-nji fewral, 2013.
Hillari Klinton, Waşington, 1-nji fewral, 2013.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary wezipesini terk edýän Hillari Klinton Eýranyň we Orsýetiň Siriýanyň hökümetine maliýe ýardamyny bermegi dowam etdirýändiklerini aýtdy.

Başar Al-Assadyň häkimiýet başynda saklanmagy Eýran üçin “ileri tutulýan mesele” bolup durýar diýip, Klinton penşenbe güni žurnalistlere aýtdy. Şeýle-de Klinton Eýranyň Damaskda öz geňeşçileriniň sanyny artdyrandygyny we berýän ýaragynyň hilini gowulandyrandygyny belledi.

Hillari Klintonyň sözlerine görä, Orsýetiň Başar Al-Assady pul we enjamlar bilen üpjün edýändigini çak etmäge esas bar.

Döwlet sekretary wezipesinden çekilýän Klinton Siriýadaky konfliktiň goňşy ýurtlara ýaýramak howpunyň bardygyny belledi. Klinton bu barada Waşingtonda Daşarky gatnaşyklar boýunça geňeşinde eden soňky çykyşynda aýtdy.

Edilen işler

Klinton özüniň ýokary diplomatik wezipä geçen döwri bilen deňeşdirilende häzir ABŞ-nyň “öz öýünde has güýçlüdigini, düýäde hem has abraýlydygyny” aýtdy.

“Geçen dört ýylyň dowamynda köp zat üýtgedi. Prezident Obamanyň ýolbaşçylygynda biz Yrakdaky urşy tamamladyk. Owganystanda geçiş prosesini başladyk we Osama bin-Ladeni suda berdik. Şeýle-de biz amerikan diplomatiýasyny janlandyrdyk we bileleşiklerimizi güýçlendirdik. Ykdysadyýeti dikeldişimiz tamamlanmadyk hem bolsa, biz dogry ugur bilen barýarys. Gysgaça aýdylanda, şu günki gün amerika öz öýünde has güýçlüdir we düýäde has uly hormata eýedir. Biziň global liderligimiz köpleriň çak edişinden has berk direge daýanýar” diýip, Hillari Klinton öz pikirini beýan etdi.

Klintonyň sözlerine görä, ol 2009-njy ýylda Döwlet sekretary wezipesine geçeli bäri, Döwlet departamenti “21-nji asyryň diplomatiýasynyň gurallaryny” ulanyp başlady, şol sanda täze tehnologiýalar arkaly has köp ýurtlaryň häkimiýetleri we raýatlary bilen gatnaşyklary ýaýbaňlandyrdy.

Hillari Klinton Hytaýyň we Orsýetiň hem öz aragatnaşyk strategiýalaryny tiz amala aşyrýandyklaryny belledi.

Klinton geçen dört ýyla syn etmek bilen bilelikde geljek barada hem öz garaýyşlaryny mälim etdi.

Indiki ädimler

Ol ABŞ-nyň dünýäniň “ähmiýetli güýji” bolup galjagyny, emma ýurduň “global häkimiýetiň we täsiriň täze şertlerine öwrenişmelidigini” belledi.

Döwlet sekretary wezipesinde Hillari Klintonyň ornuna geçýän senator Jon Kerri 4-nji fewralda işe başlar.

Hillari Klintonyň sözlerine görä, Jon Kerriniň ýolbaşçylygynda ABŞ-nyň daşary syýasaty ABŞ-nyň Aziýadaky pozisiýasyny berkitmek, Owganystandaky urşy tamamlamak, Ýakyn Gündogarda özgerişlikleri gazanmak we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ýaly meselelere gönükdiriler.

Şeýle-de Klinton amerikan ýolbaşçylygynyň klimatyň üýtgemegi bilen bagly meselä üns bermelidigini we Waşingtonyň dünýäde adam hukuklaryny goramak tagallalaryny dowam etdirmelidigini belledi.

Klinton dünýäde aýallaryň deňhukuklylygyny gazanmak meselesini “21-nji asyryň tamamlanmadyk işi” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG