Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Heýgel, zerur bolsa, harby çärä taýýar diýýär


"Men prezidentiň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak baradaky maksadyna doly goşulýaryn" diýip, Heýgel aýtdy.
"Men prezidentiň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak baradaky maksadyna doly goşulýaryn" diýip, Heýgel aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň goranmak sekretarlygyna hödürlän kandidaty Senatyň Ýaragly gulluklar komitetinde bolan diňlenişikde özüniň, zerur bolan ýagdaýynda, Eýrana ýa-da başga duşmanlara garşy harby hereket edilmegini goldamaga taýýar bolandygyny aýtdy.

Ozalky respublikan senator Çak Heýgel kanun çykaryjylara özüniň Obamanyň Eýranyň ýadro programmasy babatdaky pozisiýasyny, ýagny diplomatiýa ýol almadyk halatynda harby güýjüň ulanylmak ähtimallygyny goldandygyny aýtdy.

"Men prezidentiň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak baradaky maksadyna doly goşulýaryn. Meniň ozal bu mesele barada ýazgyda hem aýdyşym we geçmişde kän gezek nygtaýşym ýaly, bu maksada ýetmek üçin ähli çäräniň görülmegi hökmandyr" diýip, Hagel aýtdy we öz syýasatynyň hemişe prezidentiňki bilen meňzeş bolandygyny, ýagny bir zat bolýança garaşman, onuň öňüni almaklyga eýerýändigini sözüniň üstüne goşdy.

"Prezident açyk aýtdy, bu biziň hökümetimiziň syýasaty. Men, goranmak sekretary hökmünde, Goranmak departamentiniň islendik ýagdaýa taýýar bolmagyny üpjün ederin. Bu meniň işim, bu meniň jogapkärçiligim" diýip, ol aýtdy.

Tankytlar

Bu diňlenişik Heýgeliň Ysraýyly ýeterlik goldamazlykda we Eýran babatdaky gowuşgunsyzlykda jemagat içinde ilkinji gezek tankytlanyşy boldy.

Ol geçmişde "Ýewreý lobbisiniň" täsiri barada aýdan sözleri we diplomatlyga kandidaty "açyk, agressiw geý" diýip häsiýetlendirendigi üçin tankyt edilipdi.

Şeýle-de Heýgel Komitete 2014-nji ýylda, ýaran güýçleriň Owganystandaky söweş missiýasy tamamlanandan soň, Birleşen Ştatlaryň ol ýerde galýan esgerleriniň jenaýat jogapkärçiligine çekilmezlik hukugyna eýe bolmagynyň möhümdigini aýtdy.

Ol, eger Birleşen Ştatlaryň esgerleri Owganystanda 2014-nji ýyldan soň hem galsalar, olaryň wezipesi terrora garşy operasiýalar we tälim bermek bilen çäklendirilen bolmaly diýdi.

"Prezident [Barak Obama] açyk aýtdy we men 2014-nji ýyldan soň Owganystanda galýan amerikan esgerleriniň diňe iki funksiýasynyň, terrora garşy göreş, hususan-da "Al-kaýdany" we onuň ýardamçylaryny nyşana almak, owgan goşunlaryna tälim we maslahat bermek wezipesiniň bolmalydygy bilen razy. Biziň Owganystan, onuň hökümeti we has-da möhümi – onuň halky bilen täze bir hyzmatdaşlyk gurmagymyzyň wagty geldi" diýip, Heýgel aýtdy.

Haýgel özüniň ABŞ-nyň ýaragly güýçlerini dünýäde iň kuwwatly edip saklamak isleýändigini aýtdy we ýadro ýaraglaryny kemeltmek meselesine berýän goldawy babatdaky tankyt hakda durup geçdi.

"Biz özümiziň ýerleşdirilen ýadro ätiýaçlyklarymyzy we atyş ustanowkalarymyzy täze START şertnamasyna laýyklykda kemeltmekçi bolýan wagtymyzda, men häzirki zaman, güýçli, howpsuz, taýýar we netijeli ýadro arsenalymyzyň bolmagynyň tarapdary. Amerikanyň ýadro kepilligi soňky 35 ýylda global howpsuzlygy üpjün etmekde we Üçünji Jahan Urşunyň tutaşmazlygynda merkezi rol oýnady" diýip, Heýgel aýtdy.

Eger-de Senat tarapyndan tassyklanylsa, Çak Heýgel Leon Panettanyň ýerine Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary bolar.
XS
SM
MD
LG