Sepleriň elýeterliligi

Täze däp: Ýaş çatynjalar nirede we kim bilen surata düşmeli?


“Bagt koşgi”. Aşgabat.

“Bagt koşgi”. Aşgabat.

Türkmenistanda soňky aýlarda täze bir däbiň döreýändigi, ýaş çatynjalaryň prezidentiň portretiniň öňünde surata düşmekleriniň adaty bir zada öwrülip barýandygy hakynda habar gelýär.

Käbirleri munuň häkimiýetler tarapyndan halkyň boýnuna zor bilen dakylýan zat däldigini, eýsem raýatlaryň öz erk-islegi bilen baglydygyny aýdýar. Emma bu pikir bilen ylalaşmaýanlar hem bar.

Şol bir wagtda döwlet baştutanynyň suratynyň indi Türkmenistanda hemme görnükli ýerde bardygyny, munuň ilatyň durmuş-ýaşaýşynyň bir bölegine öwrülendigini aýdýan raýatlar hem bar.

Emma bu täze däbi toýlaryň hem syýasylaşdyrylmagy, halk tarapyndan wagtlaýyn saýlanýan syýasy ýolbaşçyny iki adamyň toý şatlygyna hem şärik etmek synanyşygy hökmünde häsiýetlendirýänler hem bar.

Eýsem bu ýagdaý barada kim näme pikir edýär? Belki, ýaşlar dogurdanam öz toý albomlarynda syýasy lideriň hem bolmagyny isleýändirler. Ýa bu her kimiň öz islegi esasynda çözülmelimi?

Azatlyk Radiosy şu temadan söhbetdeşlik geçirmegi nazarda tutýar.

Pikirleriňizi, bellikleriňizi ýazsaňyz, minnetdar bolardyk.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG