Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Pirotehnikaly ýük maşynyň partlamagynda 8 adam öldi


Anna güni Hytaýyň mediasy ýurduň Sanmenksiýa şäheriniň golaýynda pirotehniki enjamlary alyp barýan bir ýük maşynda ýüze çykan partlama zerarly azyndan 8 adamyň ölendigini habar berýär.

Başda Hytaýyň milli radiosy bu wakada ölenleriň sanynyň 26-dygyny habar beripdi. Maglumata görä, ýük maşynda ýüze çykan güýçli partlama zerarly onuň ýerleşýän transport köprüsine-de uly zyýan ýetipdir.

Köprüniň ep-esli böleginiň weýran bolmagy sebäpli, käbir ulaglaryň-da köprüden onlarça metr aşak, gury ýere gaçandyklary habar berilýär.
XS
SM
MD
LG