Sepleriň elýeterliligi

Dewid Bekhem Fransiýanyň PSG futbol komandasynda oýnar


Angliýaly futbol ýyldyzy, 37 ýaşly Dewid Bekhem penşenbe güni Fransiýanyň 1-nji ligasynda çykyş edýän PSG futbol komandasynda oýnamak barada kontrakta gol çekdi.

Angliýanyň ýygyndy komandasynyň ozalky kapitany Dewid Bekhem penşenbe güni Fransiýanyň bu klubynyň oýunçylary bilen “Parc des Princes” stadionynda duşuşdy.

Şol duşuşykda sözlän sözünde Dewid Bekhem özüniň bu komandanyň düzüminde gazanjak pulunyň Parižiň çagalar fonduna geçiriljekdigini mälim etdi.

Dewid Bekhem mundan ozal Angliýanyň “Mançester ýunaýted”, Ispaniýanyň “Real Madrid” we Birleşen Ştatlaryň “Los-Anželes Galaksi” futbol komanlarynda oýnan iň güýçli futbolçylaryň biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG