Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň ekspertler topary Orsýetiň kanun taslamasyna garşy


Anna güni Birleşen Milletler Guramasynyň ynsan hukuklary boýunça ekspertler topary Orsýetiň parlamentini kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň arasynda gomoseksualizmi wagyz etmekligi gadagan ediji kanunyň taslamasyna garamaklygy bes etmäge çagyrdy.

Ekspertler toparynyň ýaýradan beýanatynda beýle kanunyň kabul edilmeginiň Orsýetde “geýleri, lesbianlary, biseksuallary, transseksullary we interseks toparyna degişli adamlary jemgyýetden esassyz gyraklatmak” ýagdaýyna getirmeginiň mümkindigi aýdylyp, muňa alada bildirilipdir.

Ýakynda Orsýetiň Döwlet Dumasy tarapyndan kabul edilen kanunyň taslamasy gomoseksualizmi kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň arasynda wagyz etmekligi doly gadagan etmegi göz öňünde tutýar.

Bu kanunyň düzgünini bozan aýry-aýry şahsyýetlere 5 müň rubl, guramalara bolsa 500 müň rubla çenli jerime salmaklyk göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG