Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň iki resmisi Gazagystanda tussag edildi


Anna güni Ukrainanyň mediasy bu ýurduň ýarag söwdalaryna dahylly kompaniýasynyň iki sany ýokary derejeli resmisiniň Gazagystanyň aeroportunda tussag edilendiklerini habar berdi.

Bu baradaky maglumatda “Ukrspetseksport” döwlet kompaniýasynyň bu iki resmisiniň geçen hepde Gazagystanyň Goranmak ministrliginiň bir resmisi bilen duşuşykdan soň tussag edilendikleri aýdylýar.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň öz adynyň tutulmagyny islemedik bir çeşmesi bu iki ukrain resmisine söwda ylalaşygyny baglaşmakda para berenlikde aýyplama bildirilýändigini aýtdy.

Bu wakalaryň fonunda penşenbe güni Gazagystanyň Goranmak ministrligi bu ministrligiň ýaraglar boýunça uprawleniýesiniň başlygy, general-maýor Almaz Asenowyň para almakda tussag edilendigini habar berdi. Ýöne onuň kimden para alandygy barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG