Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Fewraldaky köpçülikleýin çäreler


Adamlar köpçülikleýin çäresine barýarlar. Aşgabat.

Adamlar köpçülikleýin çäresine barýarlar. Aşgabat.

31-nji ýanwarda “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” merkezi gazetlerinde ýurtda şu ýylyň fewral aýynyň dowamynda geçiriljek köpçülikleýin çäreleriň sanawy çap edildi.

Bu sanawdaky köpçülikleýin çäreleriň aglabasy 19-njy fewralda bellenilip geçilýän Baýdak güni baýramçylygy bilen bagly. Emma bu sanawda, adatça, stadionda geçirilýän teatrlaşdyrylan baýramçylyk dabarasy ýok.

Geçen ýylyň Bitaraplyk baýramynda hem teatrlaşdyrylan dabara ýatyrylypdy. Ýöne ilatyň arasynda stadiondaky teatrlaşdyrylan baýramçylyk dabarasynyň geçirilmeýänligine gynanyp ýören ýok.

“Şonsuzam, köpçülikleýin çäreler az däl. Birinden dynsak, bir peýda. Şu çäreler halky halys irizdi. Ýokardakylar muňa düşünip başlandyrlar-da” diýip, paýtagtyň 1-nji saglyk öýüniň lukmany Dörtguly aýdýar.

Mundan ozal her bir uly baýramçylykda stadionda geçirilýän çärä ýurduň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, okuw jaýlarynyň okuwçylarydyr, studentleriniň müňlerçesi gatnaşdyrylýardy. Olar baýramçylyk dabarsynyň bir aý, kähalatda bolsa ondan hem köp wagt öňünden stadionlarda ýörite taýýarlyk “marşirowkalaryny” geçýärdiler. Häzir paýtagtyň stadionlarynda ümsümlik. “Marşirowkalara” gatnaýan ýok.

Käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, geçen ýylyň ahyryndan bäri köpçülikleýin çäreleriň sany-da azalypdyr. “Dekabr, ýanwar aýlarynda biz köpçülikleýin çärelere az gitdik. Käbir çäreler bolsa ýatyryldam” diýip, ýokary okuw jaýynyň 2-nji kursunyň studenti Ýalkap aýdýar.

Emma bu “ümsümlik” uzak dowam etmez. Ýanwar aýynyň köpçülikleýin çäreleriniň sanawy bary-ýogy 24 sany köpçülikleýin çäreden ybarat bolan bolsa, fewral aýynyň sanawy boýunça eýýäm 64 sany köpçülikleýin çäreleri geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Başgaça aýdylanda, fewral aýynda iki esseden hem köp köpçülikleýin çäreler geçiriler.

Bu köpçülikleýin çäreleriň aglabasy dürli görnüşdäki we derejedäki baýramçylyk hem-de açylyş dabaralardan, maslahatlardan ybarat. Bu baýrmaçylyk çäreleriniň arasynda “Arkadaga şan bolup parla, ýaşyl baýdagym!”, “Bagtyýar parlaýar ýaşyl baýdagym”, “Arkadagly berkarar ýurdum, buýsançly parla, ýaşyl baýdagym” atly köpçülikleýin çäreler hem bar.

"Köpçülikleýin" sport çäreleri

Şeýle-de fewral aýynda sportuň 16 sany dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler. 10-18-nji fewral aralygynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryş, 12-17-nji fewral aralygynda sportuň basketbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty bolup geçer. Şeýle-de sportuň küşt, woleýbol, karate, kik-boksing ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlary-da geçirmek göz öňünde tutulýar.

Emma, ýurtda geçirilýän sport ýaryşlaryna-da köpçülikleýin çäre hökmünde garaýanlar az däl. Hususan-da, şol ýaryşlara tomaşaçy hökmünde gatnaşmaga mejbur bolýanlar bu sport ýaryşlaryna adatdaky köpçülikleýin çäre hökmünde garaýarlar.

“Käbir sport ýaryşlarynda janköýerlik etmek üçin öňünden repetisiýa-da geçilýär. Geçen ýylyň sentýabr aýynda futbol boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasyna bir aý öňünden repetisiýa geçdik. Sebäbi açylyş dabarasyna prezident bardy” diýip, ýokary okuw jaýynyň 2-nji kursunyň studenti Ýalkap Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Aşgabatly sport treneri Mämmediň aýtmagyna görä, ýurt baştutanynyň gatnaşmaýan sport ýaryşlaryna tomaşaçy bolup barýanlaryň hem köpüsi “mejbury janköýerler”. “Ýaryşa telewideniýe gelse, ýörite tomaşaçylary hem getirýärler.

“Watan” programmasynyň sport baradaky wideoreportažlaryndaky tribunalarda sport egin-eşiklerinde oturan tomaşaçylar şol mejbury janköýerler. Telekamera olara bakdyrylsa, olar çapak çalmaly, şowhun turuzmaly” diýip, Mämmet gürrüň berýär.

31-nji ýanwarda ýurduň merkezi gazetlerinde çap edilen fewral aýynyň köpçülikleýin çäreleriniň sanawyndaky çärelerden başga-da, ýurtda “dynç gününiň çäreleri” diýip atlandyrylýan köpçülikleýin çäreler hem geçirilýär.

Ady agzalan sanawa girizilmeýän bu çäreler baradaky reportažlar türkmen telewideniýesiniň “Watan” programmasynyň dynç günündäki efiriniň ep-esli bölegini tutýar.

Dynç günlerini “dynç güni çärelerinde” geçirýän türkmenistanlylaram az däl. “Watan” programmasynyň diktory diňe “dynç güni çärelerini” geçiren hem-de oňa gatnaşan döwlet guramalarynyň atlaryny sanamak üçin azyndan 5 minudyny sarp edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG