Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankara: ABŞ-nyň ilçihanasynda partlama boldy


Ankaradaky ABŞ-nyň ilçihanasynyň howlusynyň girelgesinde bolan partlamanyň yzýany. Ankara, 1-nji fewral, 2013.
Ankaradaky ABŞ-nyň ilçihanasynyň howlusynyň girelgesinde bolan partlamanyň yzýany. Ankara, 1-nji fewral, 2013.
Anna güni janyndan geçen bir hüjümçi ABŞ-nyň Ankaradaky ilçihanasynyň howlusynyň girelgesinde partlama amala aşyryp, özüni we ilçihananyň goragçysyny öldürdi.

Bu wakada ýene bir ýerli aýal maşgala agyr ýaralandy. Türkiýäniň resmileri bu wakany “terror hüjümi” diýip häsiýetlendirdiler.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan bu waka bilen bagly eden çykyşynda bu partlamany amala aşyran adamyň aşa çepçi “Rewolýusion halk azat ediş partiýa-fronty” atly toparyň agzasydygyny öňe sürdi. Emma hüjümiň jogapkärçiligini häzire çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

Türkiýäniň habar serişdeleri ABŞ-nyň ilçihanasynyň girelgesinde bu partlamany amala aşyran raýatyň hakykatdanam şu çepçi toparyň agzasy, 1997-nji ýylda Stambulda amala aşyrylan hüjüme dahylly Ejewit Sanlydygyny habar berýärler.

Türkiýede hereket edýän “Rewolýusion halk azat ediş partiýa-fronty” atly bu aşa çepçi topar 1970-nji ýyllardan bäri bu ýurtda amala aşyrylan ençeme hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

Waka barada bilinýän zatlar

Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland häzirki wagt bu hüjümiň kimler we näme maksat bilen gurnalandygyny anyklamak boýunça amerikan resmileriniň Türkiýäniň häkimiýetleri bilen bilelikde iş alyp barýandyklaryny aýtdy.

Ilçihananyň öňünde bolan partlamada ýaralanan ýerli bir zenan “Tiz kömek” tarapyndan alnyp barylýar. Ankara, 1-nji fewral, 2013.
Ilçihananyň öňünde bolan partlamada ýaralanan ýerli bir zenan “Tiz kömek” tarapyndan alnyp barylýar. Ankara, 1-nji fewral, 2013.
Wiktoriýa Nuland anna günki partlamanyň Ankaradaky amerikan ilçihanasynyň howlusynyň öňündäki barlag punktunda amala aşyrylandygyny mälim etdi. Partlamada barlag punktunyň daşky diwaryna hem-de gapysyna uly zyýan ýetipdir.

“Wakanyň bolan ýerinde ýene iki sany hakyna tutma goragçy bu sarsgyny başdan geçirdi. Olar ok geçmeýän aýnanyň beýleki tarapyndady. Ol ýerde ilçihana sapar edýän bir türk raýaty çynlakaý ýaradar boldy. Beýlekiler partlamada pytran diwar böleklerinden ýaralanan birnäçe amerikan we türk işgärleri. Olara wakanyň bolan ýerinde ilçihanamyzyň klinikasy tarapyndan medisina kömegi berlip, goýberildi” diýip, Wiktoriýa Nuland ýagdaýy suratlandyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Türkiýedäki amerikan raýatlaryny bolaýmagy mümkin hüjümleriň nyşanasyna öwrülmezlik üçin bulagaýçylyklaryň bolan ýerlerinden, demonstrasiýalardan we köpçülikleýin üýşmeleňlerden gaça durmaklyga çagyrdy.

Soňky ýyllar Türkiýede çepçi aktiwistlerden daşary, kürt we yslamçy söweşijiler hem birnäçe ganly hüjüm amala aşyrdylar.
XS
SM
MD
LG