Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: “Ýar gyrmyzy geýnipdir”


Çekeleşik karikaturasy.

Çekeleşik karikaturasy.

“Ýar gyrmyzy geýnipdir”

Bir gezek ussat bagşy Sahy Jepbarowy gum obalarynyň birine toýa çagyrýarlar. Ol nobaty ýetende (çeküwe gabat gelende) “Ýar gyrmyzy geýnipdir” diýen halk aýdymyny-da aýdýar. Ussatlardan galan nusgany (galyby) bozmak gadagan. Ol özünden öňki ussatlaryň aýdyşy ýaly, tas her aýdym bendiniň soňunda “Ýar gyrmyzy geýinipdir, geýnapdyr, geýnäýipdir, geýinipdir-how, geýnäpdyr…” diýen sözleri gaýtalapdyr.

Ýassyga ýaplanyp, durşuna gulaga öwrülip, aýdymy diňleýän bir ýaşuly “Ýar gyrmyzy geýinipdir” tamamlanan dessine, dikelip:

– Sahy jan, şu gün agşam köşekli düýe tutsalaram,“Ýar gyrmyzy geýnipdiri” indi aýtma! “Ýar gyrmyzy geýnipdir, geýnapdyr, geýnäýipdir, geýnipdir-how, geýnapdyr…” diýip, daňy atyrjak sen, zalywat!” diýipdir.

Sahy bagşy:

– Bolýar, şol baýragy özüň tutsaňam aýtman – diýipdir.

Ussat Sahy däde bir gezek şol henegi ýatlap:

– Gürrün “Ýar gyrmyzy geýnipdirde” däl. Il-gün şeýleje henek atyp, seň häderejede märekesöýer bagşydygyňy, diňleýjiniň sözüni çekip bilşiňi barlardy-diýerdi.

***

Nepi degjek teklip

SSSR döwri paýtagtda ýaşaýan abraýly adamlar (hormatly at dakýlanlar, Döwlet baýragyna mynasyp bolanlar, uly wezipede işlänler we ş.m.) aradan çykanda, olar demirýoluň demirgazygyndaky Köşi gonamçylygynyň Hormat alleýasynda jaýlanýardy.

XX asyryň 80-nji ýyllarynýn aýagynda “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýen hormatly ada mynasyp bolanlaryň biri aradan çykdy. Düzgüne görä onuň Hormat alleýasynyň haýsy setirinde jaýlanmalydygyny Halk deputatlarynyň Aşgabat şäher ispolkomy ( häzirki şäher häkimligi) kesgitlemelidi. Şäher ispolkomynyň jogapkär işgärleri “Oýlanýarys, belli netijä geldigimiz, jaň ederis” diýip, bu meseläni süýrenjeňlige saldylar.

Sabyr käsämiz dolup, Ýazyjylar birleşiginiň Prezidiumynyň mejlisini geçirmegi (9 adamdan ybarat ýokary geňeş) we bu mesele boýunça närazylygymyzy Prezidiumyň adyndan Kommunistik partiýanyň Merkezi Komitetine gyssagly ýetirmegi makul bildik. Mejiise diňe Prezidiumyň agzalaryny däl, atly ýazyjylaryň-da käbirini çagyrdyk.

Çagyrlanlaryň biri, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Nury Baýramow gara çyny bilen:

– Mundan mydar bolmaz, gowusy, Merkezi Komitetden ýazyjylar üçin Hormat alleýasyndan 30-40 metr ýeri bölüp bermegi haýyş edeliň! Şeýtsek, Hormat alleýasynda jaýlamagyň statusyna gabat gelýän ýazyjy aradan çykanda, ispolkomdan ýer dilemekden dynarys– diýip, teklip etdi.

Şol wagt Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýän, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Walentin Rybin:

– Nury dogry aýdýar, bu ýerde iki utuş bar. Birinjiden, Hormat alleýasynda ýer meselesi çözüljek, ikinjiden, şol bölünip berlen ýer gutarmanka öljek bolýan ýazyjylar-da köpeler. Netijede, edebiýata tötänlikde gelen, zehini bilen däl-de,
başga ýol bilen hormatly ada, Döwlet baýragyna “mynasyp bolan” körzehinlerdenem dynarys. Körzehin üçin ömür däl, şöhrat esasy zat– diýdi.

Haýp, Walentin Feodorowiçiň teklibini goldan tapylmady. Diňe Nury Baýramow “Sözümi kesä çekýäň” diýip, öykeledi. Şol teklip şol wagt iş ýüzünde amal edilen bolsa, onda SSSR döwründe Hormat alleýasynda ýtan “hormatlylaryň” hatary uzardy. Belki şonda edebiýat häzirkisi ýaly ýüzi düýäniň dabanyndan galyň, wejera lepbeýçileriň “mellegine” öwrülmezdi.

***

Dost ýüzüne

Bir gezek bagşy Giçgeldi Amanowy Aşgabatdan Garrygala toýa çagyrýarlar. Ol sesi çakyrragam bolsa, ussat bagşydy. Ol toý gijesi daňyň düýbi çyzylýança aýdym aýdýar. Ertesi bagşyny geçen gije hezil edyp diňlänleriň biri toý eýesiniň haýyşyny berjaý edip, Giçgeldi Amanowy, onuň sazandalaryny öz hususy awtoulagynda otly boýuna – Gyzylarbat şäherine alyp gaýdýar. Olar Gyzylarbada günortan gelýärler.

Otly agşamara Gyzylarbatdan Aşgabada ugraýan eken. Awtoulag eýesi bagşa,
onuň sazandalaryna otly gelýänçä öz öýüniň myhmany bolmagy haýyş edýär. Bagşy-sazandalar onuň haýyşyny kabul edrýär. Öý eýesi gapydan giren dessine radiony açýar. Radioda Giçgeldi Amanowyň konserti berilýän eken.

Bagşyny ýeke sapar toýda diňlän, üstesine-de onuň at-familiýasyny bilmeýän öý eýsi:

– Bä, şüýem inçe sesi bilen jyňňyldap, radioda günde-günaşa ýürege düşýär. Şuňa derek dagy radioda saňa aýdym aýtdyrmaly ahyryn – diýýär.

Giçgeldi Amanow ýagşydan-ýamandan dil ýarmaýar. Ýassyn çagy Gyzylarbatda saklanan ýolagçy otlusyna münüp duran bagşy öň özlerini Garrygaladan Gyzylarbada awtoulagynda getiren, soňra ýarym salkyn öýünde myhman alyp, hormat-hezzet eden, indem otla mündürip duran ýigide:

– Hormat-hyzmatyňa Taňryýalkasyn, inim! Aýdymy özüň ýaly aýdym-saza düşünýän, bagşyny dutar kakuwundan, sesinden tanap bilýän ýigitlere aýdyp berseň, dünýäň giňeýär, hezil edýäň – diýip, oňa minnetdarlyk bildiripdir.

Il içinden çöplän we toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew
XS
SM
MD
LG