Sepleriň elýeterliligi

Ekspertler Eýranyň “maýmyn astronawtyna” şübhe bildirýärler


Ekspertler Eýranyň geçen hepde janly maýmyny kosmosa uçurandygy we bu uçuşyň üstünlikli geçendigi barada eden beýanatyny şübhe astyna alýarlar.

Ekspertler Eýranyň kosmosa uçurdym diýýän maýmynynyň suratyny içgin öwrenenlerinde, kosmosa uçurylmazyndan ozalky maýmynyň suraty bilen “kosmosdan dolandy” diýilýän maýmynyň suratynyň biri-birine asla meňzeş däldigini aýdýarlar.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, kosmosa uçurylmazyndan ozal suraty alnan maýmynyň ýüňi has açyk reňkli we onuň sag gözüniň üstünde gyzyl hal bar. Emma “kosmosdan dolandy” diýilýän maýmynyň ýüňüniň garamtyldygy we onuň gözüniň üstünde hiç hili halyň ýokdugy aýdylýar.

Britaniýanyň “The Telegraph” gazetine beren interwýusynda Ysraýylyň kosmos agentliginiň ýerine ýetiriji direktory Ýariw Baş bu alamatlaryň kosmosa uçurylan maýmynyň ölendigini ýa-da uçuşyň özüniň şowsuz bolandygyny görkezýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG