Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky hüjümde azyndan 15 esger we 11 parahat ýaşaýjy öldi


Şenbe güni irden Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Hyber Paktunkwa prowinsiýasynda ýaragly söweşijileriň bir harby lagere eden hüjüminde azyndan 15 sany esger we 11 sany parahat ýaşaýjy öldi.

Howpsuzyk resmileri bu prowinsiýanyň Lakki Marwat etrabynda bolan bu hüjümde söweşijileriň awtomat ýaraglary we granatamýotlar arkaly hüjüm edendiklerini aýdýarlar.

Pakistanyň bu etrapdaky ýerli polisiýa edarasynyň başlygy Gul Hamid Khan şenbe güni irden ýedi sagat dowam eden bu atyşyklarda ýaragly söweşijilerden hem azyndan bäş adamyň ölendigini mälim etdi.

Bu wakanyň yzy bilen bu hüjümiň jogapkärçiligini “Tehriki Taliban Pakistan” atly talybanlar topary öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG