Sepleriň elýeterliligi

Kairdäki protestlerde azyndan bir protestçi öldi


Anna güni giçlik Müsüriň paýtagty Kairde protestçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan bir protestçi öldi.

Bu wakada protestçiler Kairdäki prezident köşgüne daş we otly çüýşeleri zyňyp, hüjüm etdiler. Polisiýa güýçleri olara garşy göz ýaşardyjy gazlary we suw çüwdürimlerini ulandylar.

Prezident Muhammad Mürsi ýurduň ähli syýasy toparlaryny protestçileriň ulanýan zorluk çärelerini we ýykan-ýumrançylyklaryny ýazgarmaga çagyrdy.

Müsürde soňky bir hepdäniň dowamynda hökümete garşy geçirilen protest çärelerinde jemi 60 töweregi adam öldi.
XS
SM
MD
LG