Sepleriň elýeterliligi

NATO Ankaradaky amerikan ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy


Şenbe güni NATO Ankaradaky amerikan ilçihanasynyň öňünde anna günki amala aşyrylan partlamany ýazgaryp, beýanat etdi.

Anna güni janyndan geçen bir hüjümçi ABŞ-nyň Ankaradaky ilçihanasynyň girelgesinde partlama amala aşyryp, özüni we ilçihananyň goragçysyny öldürdi.

Bu wakada ýene bir ýerli aýal maşgala agyr ýaralandy. ABŞ-nyň prezident administrasiýasy bu wakany “terror hüjümi” diýip häsiýetlendirdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan bu waka bilen bagly eden çykyşynda bu partlamany amala aşyran adamyň aşa çepçi “Rewolýusion halk azat ediş partiýa-fronty” atly toparyň agzasydygyny öňe sürdi. Emma hüjümiň jogapkärçiligini häzire çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

2008-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherindäki amerikan konsullygyna garşy edilen ýaragly hüjümde hüjümçilerden üçüsi we üç sany polisiýa işgäri ölüpdi.
XS
SM
MD
LG