Sepleriň elýeterliligi

Baýdan ABŞ-nyň Siriýanyň oppozisiýasyny goldaýandygyny aýdýar


Şenbe güni Germaniýanyň Mýunhen şäherinde howpsuzlyk meselelerine bagyşlanyp geçirilýän halkara konferensiýasynda ABŞ-nyň wise-prezidenti Josef Baýden Siriýanyň oppozisiýa liderleri bilen duşuşmak planyny mälim etdi.

Şeýle hem, ol Birleşen Ştatlaryň häzirki wagt Siriýanyň oppozisiýasyna harby bolmadyk maksatlar üçin 50 million dollar ýardam berýändigini we bu ýardamlaryny mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini aýtdy.

Öz gezeginde Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Mýunhendäki bu konferensiýada eden çykyşynda “Arap bahary” diýlip at berlen arap rewolýusiýalary, şol sanda Siriýadaky wakalar boýunça Günbataryň tutýan pozisiýasy bilen bagly Moskwada köpsanly soraglaryň bardygyny belledi.

Ol dünýä döwletleriniň öz daşarky gymmatlyklaryny bu ýurtlaryň boýnuna dakmaly däldiklerini, şeýle hem BMG-niň rezolýusiýasy bolmazdan bu ýurtlara garşy özbaşdak sanksiýalary girizmekden saklanmalydyklaryny nygtady.
XS
SM
MD
LG