Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan: Haýrikýan özüne garşy hüjümde daşary döwleti aýyplaýar


Janyna kast etmäge synanyşylan Ermenistanyň prezidentligine kandidat Paruýr Haýrikýan bu hüjümde daşarky bir döwletiň gizlin gulluklaryna güman bildirýändigini mälim etdi.

63 ýaşly prezidentlige dalaşgär Paruýr Haýrikýan penşenbe güni giçlik Ýerewandaky öz öýüniň ýanynda näbelli bir adam tarapyndan atylyp ýaralandy.

Ol keselhanada ýatan ýerinden Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugyna beren interwýusynda anyk bir ýurduň adyny agzamazdan, ozalky postsowet ýurtlaryndan biriniň özüni indi “köp ýyllar bäri” yzarlap gelýändigini we bu hüjümi şol ýurt tarapyndan gurnalan diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, jenap Haýrikýan bu gürrüňi edilýän ýurduň Orsýet däldigini-de nygtady. Ol 18-nji fewrala bellenen prezidentlik saýlawlarynyň möhletiniň öz saglyk ýagdaýy sebäpli iki hepde yza süýşürilmegini ýurduň degişli organlaryndan haýyş etmeginiň-de mümkindigini mälim etdi.

Jenap Haýrikýan Ermenistanda prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alnan sekiz kandidatdan biri.
XS
SM
MD
LG